Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň de­ňiz ug­ru­ny BMG-niň ÝU­NES­KO eda­ra­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­synyň sa­na­wy­nyň dü­zü­mi­ne gi­riz­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­synyň bu ugur­da de­giş­li iş alyp bar­ýan­dy­gy­ny ýur­duň me­de­ni mi­ra­sy aýaw­ly sak­la­mak ba­ra­da­ky döw­let eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Lýu Ýuýç­žu ha­bar ber­di. Ol Dun­hu­an şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Ýü­pek ýo­ly» at­ly 1-nji me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ser­gi-ýar­mar­ka­sy­na gat­naş­dy.
– Hy­ta­ýyň hö­kü­me­ti ÝU­NES­KO gu­ra­ma­sy­na ýüz tut­mak ba­bat­da de­giş­li res­mi­na­ma­la­ry taý­ýar­la­ýar. Bu ýo­luň de­ňiz ug­ru­ny Bü­tin­dün­ýä mi­ra­synyň sa­na­wy­na gi­riz­mek pi­ki­ri Ýü­pek ýo­lu­nyň gu­ry ýer ug­ru­nyň gi­ri­zil­me­gin­den soň­ra dö­re­di. 2014-nji ýyl­da Do­ha şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ÝU­NES­KO-nyň mej­li­sin­de Ýü­pek ýo­lu­nyň gu­ry ýer­dä­ki ug­ru­ny mi­ra­syň sa­na­wy­na gi­riz­mek tek­li­bi oň­la­nyp­dy. Bu ýo­luň ug­run­da­ky 33 ta­ry­hy ýer go­rag as­ty­na alyn­dy – di­ýip, hy­taý­ly ýol­baş­çy gür­rüň ber­di.
Ýü­pek ýo­lu­nyň de­ňiz ug­ry 2 müň ýyl mun­dan ozal, esa­sy söw­da we me­de­ni ge­çel­ge bo­lup, hyz­mat edip­di. Ol Hy­taý bi­len beý­le­ki döw­let­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­me­gi­ne go­şant goş­dy. Köp san­ly ta­ryh­çy­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ga­dy­my de­ňiz söw­da ge­çel­ge­si öz göz­ba­şy­ny Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­do­gar ke­na­ryn­dan alyp, Gü­nor­ta Hy­taý deň­zi bi­len Hind um­ma­ny we Gy­zyl deň­ze çen­li uza­lyp gi­dip­dir. Ol Ýew­ro­panyň hem-de Af­ri­ka­nyň gün­do­gar ke­na­ry­na çen­li ba­ryp ýe­tip­dir.
Dun­hu­an şä­he­rin­dä­ki geçirilen ser­gi-ýar­mar­ka­syn­a gat­na­şy­jy döw­let­le­riň ara­syn­da söw­da we me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Onuň jem­le­ri bo­ýun­ça ka­bul edi­len Dun­hu­an äht­na­ma­syn­da bel­le­nip ge­çi­li­şi ýa­ly, Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da­ky ýurt­lar me­de­ni köp­dür­lü­li­gi go­rap sak­la­mak, dür­li döw­let­le­riň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­nyň aýaw­ly sak­lan­ma­gy­na kö­mek ber­mek, me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek ýa­ly ugur­lar­da gat­na­şyk­la­ry­ny ýyg­jam­laş­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýärler.
Hy­ta­ýyň me­de­ni­ýet mi­nist­ri Lo Şu­gan ka­bul edi­len äht­na­ma­nyň ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ryň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne hyz­mat et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu hal­ka­ra fo­ru­ma 85 döw­let­den 95-e go­laý da­şa­ry ýurt we­ki­li­ýe­ti gat­naş­dy. Şeý­le hem hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň 5-si öz we­kil­le­ri­ni iber­di. Ser­gi-ýar­mar­ka­sy­nyň çäk­le­rin­de 89 yla­la­şyk ga­za­ny­lyp, ola­ryň umu­my ba­ha­sy 107,8 mil­liard ýua­na deň bol­dy.