Türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşinde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.
21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Prezidentler iki ýurduň we halkyň arasynda özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine, şeýle-de taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hazar deňzi boýunça özara hereket etmegiň türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugruny emele getirýändigi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň awgustynda gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Bu resminama Hazar deňzinde köptaraplaýyn özara hereketleriň, şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başynyň başlanmagynyň netijesi boldy.
Şeýle-de duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri R. Meredow we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri J. Baýramow gatnaşdylar. Döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri esasynda, daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.
“Bu resminama, energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi güýçlendirmek, iki iri energiýa döwletiniň ägirt uly mümkinçiliklerini açmak, durnukly energiýa, giň we özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hazar deňziniň sebitinde iň amatly şertleri döretmek maksady bilen biziň ýurtlarymyzyň alyp barýan köp ýyllyk işiniň netijesidir” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onlaýn görnüşinde eden çykyşynda belledi.