Dünýäniň iň beýik dagdaky awtoulag tunneli Hytaýda gurulýar. Bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär. Ol deňiz derejesinden 4,4 kilometr beýiklikde gurlup, iň ýokary nokady 4,8 kilometre golaýlaýar.
Häzir dagyň üstündäki işler dowam edýär. Bu çylşyrymly desganyň gurluşygyna 2013-nji ýylda başlandy. Ol Tibet özerk sebitinde Golog dag ýolunyň ugrunda gurulýar. Onuň açylyşyny indiki ýyl amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.