Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy 2020-nji ýylda “Volkswagen”-den ozduryp, gaýtadan dünýäniň iň köp ulag satýan awtoulag öndürijisi boldy. Ýapon kompaniýasy geçen ýyl öz garamagyndaky “Daihatsu” we “Hino” brendleri bilen bilelikde jemi 9,5 million ulag satdy. Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy bolsa “Audi”, “Skoda” we “Porsche” brendleri hasaba alnanda jemi 9,3 million ulagy müşderilerine ýetirdi. Bu iki iri kompaniýa köp ýyldan bäri awtoulag önümçiliginde başa-baş gidýär. “Toyoto” kompaniýasy ilkinji gezek 2013-nji ýylda bu ugurda köp ýyldan bäri birinji bolup gelýän “General Motors”-dan ozdurdy. Iki ýyldan soňra bolsa, “Volkswagen” gysga wagtlyk öňe geçdi. “Volkswagen” 2017-nji ýylda gaýtadan birinji boldy.