Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da me­de­ni mi­ra­sy­my­zyň, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­mi­ziň aýaw­ly sak­la­nyl­ma­gy we wa­gyz edil­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­re uly üns be­ril­ýär. Bu ugur­da­ky iş­ler hormatly Prezidentimiziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şo­nuň esa­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­li­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­lip, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (ÝUNESKO) bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ös­dü­ril­ýär. 1993-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bo­lan ýur­du­myz ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet ber­ýär.

Bu gat­na­şyk­lar esa­syn­da ta­ry­hy we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry go­rap sak­lap, ola­ry gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek ba­ba­tyn­da köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam et­di­ril­ýär.
Bil­şi­miz ýa­ly, ýur­du­myz­da­ky iri ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­la­ryň ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi, baý ta­ry­hy we me­de­ni­ýe­ti bo­lan Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. «Ga­dy­my Merw» Döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­nyň, «Kö­ne­ür­genç» Döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­nyň, Nu­saý ga­la­sy­nyň ÝU­NES­KO-nyň bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zyň giň­den wa­gyz edil­ýän­di­gi­niň esa­sy gör­ke­zi­ji­si­dir.
ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry ýy­lyň-ýy­ly­na ös­dü­ril­ýär. Mu­ňa 2015-nji ýyl­da türkmen des­san­çy­lyk sun­ga­ty­nyň nusgawy eserlerinden biri bolan “Görogly“ dessanynyň, 2017-nji ýyl­da «Küşt­dep­di» aý­dym we tans des­su­ry­nyň we 2019-njy ýyl­da türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi hem şa­ýat­lyk ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da hem bu gat­na­şyk­la­ry my­na­syp do­wam et­dir­mek ug­run­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Go­laý­da ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. On­da «Ýü­pek ýo­ly: Za­raw­şan – Ga­ra­gum ge­çel­ge­si» ul­gam­la­ýyn no­mi­na­si­ýa­sy bo­ýun­ça mil­li ýa­dy­gär­lik­le­riň bir­nä­çe­si­ni ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­me­gi tek­lip et­mek ba­ra­da­ky me­se­lä ga­ral­dy. Olar hu­su­san-da, Amul ga­la­sy, Man­saf ra­ba­dy, Kö­ne­ga­la, Ak­ja­ga­la, Gy­zyl­ja­ga­la ker­wen­sa­raý­la­ry, at-Tah­ma­laj du­ral­ga­sy, Kuş­meý­han or­ta asyr şä­he­ri­dir. Bu ker­wen ýo­ly ga­dy­my­ýet­de Amy­der­ýa­nyň go­şan­dy bo­lan Za­raw­şan der­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry akym­la­ryn­dan baş­la­nyp, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­den ge­çip­dir.
Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi ha­sap­lan­ýan Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň no­bat­da­ky ge­zek Bü­tin­dün­ýä sa­na­wy­na go­şul­ma­gy şöh­rat­ly ta­ry­hy­myzyň has ga­dy­my­ýe­te uza­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne bir ge­zek yk­rar­na­ma­sy­na öw­rü­ler.
Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ägirt uly ta­ry­hy mi­ras bo­lup, tä­ze gör­nüş­de di­kel­dil­ýän lo­gis­ti­ka dü­zü­mi hä­zir­ki dö­wür­de ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy üçin mö­hüm çat­ryk bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu ugur­da sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­lar bar­ha pug­ta­lan­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň «Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» di­ýen ki­ta­byn­da bu ta­ry­hy ýo­luň dö­re­me­gin­de we iş­jeň ula­nyl­ma­gyn­da esas go­ýu­jy orun­la­ryň bi­ri­niň türk­men­le­re de­giş­li­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­ma­gy ga­dy­my hem-de mü­di­mi türk­men hal­ky­nyň dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­na goş­ýan go­şan­dy­nyň ägirt­di­gi­ni ýe­ne-de bir ge­zek açyp gör­kez­ýär.
Me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň esa­syn­da gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­lar bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy ug­run­da bi­möç­ber ta­gal­la­lar ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­lent ba­şy aman bol­sun!
Na­bat RE­JE­PO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we
in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.