10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Toplumyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi, onuň düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi hem-de netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşine, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilmegine, amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de şu günki maslahatda bu meseleler boýunça degişli teklipleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Iş maslahatynda Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylabow, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýew, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedow, Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy J.Jumagylyjow, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Arabow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Täçmuhammedow, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory H.Geldimyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara alyp, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet we bank ulgamynyň işine bagyşlanan şu günki maslahaty jemlemek bilen, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaly, dünýä derejeli iň kämil usullary ulanmaly diýip belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi we ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň öňündäki wezipeleri kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileýiniň bellenýän ýylynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak we durnukly ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak üçin zerur çäreleri görmeli diýip belledi. Pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, önümçilikleri doly kuwwatynda we bökdençsiz işletmek, pudagara algy-bergileri azaltmak boýunça yzygiderli seljermeleri geçirmek zerurdyr.
Halkara tejribesinden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmaly, maliýe taýdan hasabatlylygyň, salgyt salmagyň kadalaryny we usulyýetini yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda «Elektron salgyt» ulgamyny doly işe girizmek boýunça işleri çaltlandyrmaly.
Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, merkezi we sebit balans toparlarynyň işini talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Şonuň ýaly-da, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna düýpli seljermeleri geçirip, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermek barada tabşyryk berildi.
Maýa goýumlary jemi içerki önümiň esasyny düzmek bilen, ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyryp, ykdysady ösüşi goldaýar we goşmaça iş orunlaryny köpeltmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz önümçilik maksatly, hususan-da kiçi we orta telekeçiligiň maýa goýumlarynyň möçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny, maliýeleşdirilişini, Döwlet kabul ediş topary tarapyndan kabul edilip ulanylyşyny we ulanyjylaryň hasabyna geçirilişini gözegçilikde saklamalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, onuň ýolbaşçysy M.Sylabowa ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça işe ýerleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, şäherlerde, etraplarda we obalarda zähmet gorlarynyň hem-de bar bolan iş ýerleriniň hasabatyny ýola goýmaly we berk gözegçilikde saklamaly. Zähmet gatnaşyklary, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak babatda hereket edýän kadalaşdyryjy namalary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ministrligiň resmi internet web-saýtyndaky «Iş üpjünçilik sahypasynyň» mümkinçiliklerini doly ulanyp, döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalarda hünärler, kärler boýunça iş orunlaryna zerurlyklar baradaky maglumatlaryň ilata elýeterli bolmagyny üpjün etmek gerek.
Milli Liderimiz Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegowa ýüzlenip, ykdysadyýetiň nazaryýetinden, kadalaryndan we oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyny kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Statistika hasabatlylygyň görnüşlerini tükelläp hem-de umumylaşdyryp, zerur bolmadyk we döwri geçen görnüşlerini aýyrmaly. Bu işleri sanly ulgam arkaly alyp barmaly.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýewe Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Gullugyň welaýatlarda we sebitlerde ýerleşýän düzüm birlikleriniň hem-de barlaghanalarynyň barlag-synag enjamlary bilen üpjünçiligini, önümleriň we harytlaryň dürli görnüşlerini sertifikatlaşdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy. Şonuň ýaly-da, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak we görnüşlerini köpeltmek boýunça degişli çäreleri görmek zerurdyr.
Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, standartlaşdyryş işlerini we sertifikatlaryň berlişini ýönekeýleşdirmek hem-de hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Daşary ýurtlardan getirilýän we özümizde öndürilýän käbir harytlary (azyk senagaty enjamlaryny, awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, ýangyn duýduryjy we habar beriji enjamlary, split kondisionerlerini we ş.m.) barlaghana synagyndan geçirmek üçin Döwlet gullugynyň garamagyndaky barlaghanalary zerur enjamlar bilen üpjün etmeli.
Soňra döwlet Baştutanymyz Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedowa ýüzlenip, halkara bazarynda, dünýä jemgyýetçiliginde ulanylýan döwrebap ätiýaçlandyryş görnüşlerini we hasaplamagyň kadalaryny yzygiderli öwrenmegi hem-de ýurdumyzda ornaşdyrmagy, usulyýeti kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe hem-de täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda ýurduň içinde puluň kadaly dolanyşygyny gazanmagyň hem-de bank ulgamynyň esasy wezipesiniň ykdysadyýetde puluň möçberini kadaly saklamak, sazlaşygyny üpjün etmek bolup, şu ýagdaýy hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.
Karz-pul syýasatyny oýlanyşykly alyp barmaly we maliýe serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmeli, ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilýän karzlaryň maksadalaýyk peýdalanylyşyny üpjün edip, netijeliligini ýokarlandyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyzda nagt puluň dolanyşygyny kadalaşdyrmaly, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40 göterimden ýokary bolmagyny gazanmaly.
Milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça hemişe degişli işleri geçirip, daşary ýurt puly bilen bagly amallary düzgünleşdirmeli we bu işe berk gözegçilik etmeli, Merkezi bank we beýleki banklar import geleşikleri boýunça tölegler, hasaplaşyklar geçirilende, müşderileriň manat serişdelerini resmi hümmet boýunça daşary ýurt puluna çalşanda, şu talapdan ugur almaly. Zerur bolanda bu ugurda ýörite kadalaşdyryjy namanyň taslamasyny taýýarlamaly diýip, milli Liderimiz belledi.
Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky we beýleki halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk strategiýalaryny täzeläp, olardan amatly şertlerde karzlary we maýa goýumlary çekmek boýunça işleri dowam etmegiň maksadalaýykdygy barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şunda pul geçirimlerinde goraglylygy üpjün etmek maksady bilen kiberhowpsuzlygyň ýokary derejede bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi.
Soňra milli Liderimiz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň işine ünsi çekip, rektorlara anyk tabşyryklary berdi.
Institutlaryň professor-mugallymlarynyň, ykdysatçy alymlaryň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde dünýä ykdysadyýetinde garaşylýan ykdysady çökgünlikleriň tapgyrlaryny yzygiderli seljermegi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek oňaýsyz täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagy hem-de ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy döwrüň talabyna laýyklykda guramagy hökmandyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini kadaly saklamak, döwletiň girdejilerini has-da artdyrmak we ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça degişli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip belledi.
Ähli pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, pul üpjünçiligini, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini yzygiderli seljermeli hem-de bu ýagdaýlary wagtynda çözmek boýunça çäreleri görmeli. Toplumyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmeli hem-de bellenen meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça işleri giň gerimde alyp barmagyň, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçen ýylda alnyp barlan işler jikme-jik we düýpli seljerildi. Şonuň netijesinde, bu pudaklaryň işindäki köp sanly kemçilikleriň maliýe-ykdysady toplumynyň ýaramaz işlemegi wise-premýer G.Müşşikowyň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gowşak ýolbaşçylyk etmegi netijesinde emele geldi diýen pikir döredi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyryklaryň berlendigine garamazdan, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýlary düýpli öwrenilmeýär hem-de degişli teklipler berilmeýär diýip belledi. Netijede bolsa, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň esasy wezipesiniň Döwlet býujetiniň netijeli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bolup durýandygyna garamazdan, geçen ýylyň ahyrynda Döwlet býujetiniň öňündäki bergiler ýylyň başyndaky bilen deňeşdirilende ep-esli köpeldi.
Hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeýändigi, doly gözegçilik edilmeýändigi, Ministrligiň hereketsizligi sebäpli, Oba milli maksatnamasynyň, şeýle hem beýleki maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilen işler üçin potratçylaryň öňünde köp möçberde bergiler emele geldi. Bu bolsa, 2015-nji ýyldan başlap, ençeme gurluşyklaryň taşlanmagyna getirdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde pudagara algy-bergileriň umumy möçberi 12 milliard manada golaýlaýar.
Şeýle hem, milli Liderimiz wise-premýeriň, biziň üçin örän möhüm bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmeýändigini belledi. Sebäbi, bu Maksatnama boýunça göz öňünde tutulan medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle hem etraplarda täze, häzirki zaman obalarynyň we şäherçeleriniň gurluşyklary haýal depginler bilen alnyp barylýar. Bu yzagalaklygyň sebäplerini seljermek boýunça işler geçirilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtady.
Ministrligiň ykdysadyýetiň hususy pudagyny, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny amala aşyrmalydygyna garamazdan, kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan telekeçileriň sany, olaryň iş ugry we görnüşleri seljerilmeýär, bu ugurda ýüze çykýan meselelere hem ýeterlik üns berilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, telekeçiligi ösdürmek boýunça esasy işi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi alyp barýar. Ministrlik bolsa, bu ugurda ýeterlik işjeňlik görkezmeýär.
Has beteri-de, şeýle ýaramaz görkezijileriň bardygyna garamazdan, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowdan emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça hiç hili teklipler hem gelip gowuşmaýar. Şoňa görä-de, işde goýberen kemçilikleri üçin oňa berk käýinç yglan edildi hem-de bu kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe ýüzlenip, banklaryň işine hem köp sanly nägilelikler bar diýip belledi. Merkezi bank ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydyr hem-de ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça beýleki banklaryň işini ýokarlandyrmalydyr.
Siziň häzirki döwürdäki esasy wezipäňiz milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamakdan ybaratdyr. Ýöne, bu iş talabalaýyk ýerine ýetirilmeýär. Has beteri-de, manadyň hümmetini berkitmegiň deregine, banklaryň ýolbaşçylary bu işe goşulmaýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Möhleti geçen üzülmedik karzlaryň galyndysynyň häzirki döwürde 1 milliard manada golaýlaýandygy hem banklaryň işiniň hilini görkezýär. Muňa garamazdan, banklar karzlary üzmek boýunça degişli çäreleri geçirmeýärler, hususy haryt öndürijileri maliýe taýdan goldamak babatda çeýe karz syýasatyny alyp barmaýarlar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem, karz serişdeleri berlende girew üpjünçilik ulgamyny ýönekeýleşdirmeýärler.
Hökümetiň oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak boýunça karary hem ýaramaz ýerine ýetirilýär. Hasaplaşyklaryň nagt däl görnüşini ornaşdyrmak boýunça çäreler hem talabalaýyk guralmaýar. Elektrik energiýasy, tebigy gaz, jemagat hyzmatlary, demir ýol petekleri we beýleki tölegler üçin kartlaryň kömegi bilen ilatyň tölemek mümkinçiligini üpjün etmek boýunça bilelikdäki iş pes derejede alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe banklara ýaramaz ýolbaşçylyk edip, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýarym ýylyň jemleri boýunça bank toplumynyň işine ýene-de bir gezek düýpli serediler we şonda Merkezi bankyň we beýleki banklaryň ýolbaşçylarynyň işine gutarnykly baha berler.
Döwlet Baştutanymyz bank ulgamynda goýberilen kemçilikler üçin, «Türkmenistan» we «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banklarynyň başlyklary M.Hajyýewe hem-de J.Jumagylyjowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurdy.
Şeýle hem, işde goýberen kemçilikleri üçin Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowa, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramowa, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazowa, «Halkbank» we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklarynyň müdiriýetleriniň başlyklary M.Arabowa hem-de T.Täçmuhammedowa berk käýinç yglan edildi.
Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýewe, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa käýinç yglan etdi.
Milli Liderimiz degişli Buýruklara gol çekip, wise-premýere ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de depginli ösdürmäge ýardam berjek çäreleri işläp düzmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.