Dün­ýä­de ýat­da ga­ly­jy baş­dan ge­çir­me­ler üçin üýt­ge­şik ýer­le­riň bir­nä­çe­si bar. Bu ýer­ler di­ňe bir tä­sin­li­gi bi­len haý­ran gal­dyr­man, eý­sem, öz myh­man­la­ry­na üm­süm dynç alyş üçin amatly şertleri hem döredýär. Ada­ty myh­man­ha­na­lar­dan örän ta­pa­wut­ly bo­lan bu ýer­le­riň kä­bi­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­me­gi ma­kul bil­dik.
«Henn na»: Ýa­po­ni­ýa ro­bot teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ösen­li­gi bi­len ta­nal­ýar. «Geň myh­man­ha­na» diý­me­gi aň­lad­ýan «Henn na»-nyň myh­man­la­ry­ny hem ro­bot­lar gar­şy al­ýar. Müş­de­ri­ler gy­zyk­lan­ýan so­wal­la­ry­ny ro­bot­lar­dan so­rap bil­ýär­ler. Myh­man­ha­na­da «zäh­met çek­ýän» ro­bot­lar dört dil (ýa­pon, iň­lis, hy­taý we ko­reý) bil­ýär. Ge­len myh­ma­ny gar­şy al­ýan gyz we og­lan ro­bot­lar müş­de­ri­ler bi­len gür­le­şip, ýer­leş­mek is­le­ýän ota­gy­ny sal­gy ber­ýär. Myh­man­ha­na çyk­da­jy­la­ry azalt­mak mak­sa­dy bi­len ro­bot­la­ry işe girizilipdir. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len üp­jün edi­len myh­man­ha­na­nyň otag­la­ry­nyň ga­py­syn­da müş­de­ri­ni ýü­zün­den ta­na­ýan pa­nel bar. Otag­la­ryň tem­pe­ra­tu­ra­sy da­şar­dan ge­len müş­de­ri­niň be­de­ni­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy­na gö­rä iň amat­ly de­re­je­de saz­lan­ýar. Döw­re­bap şkaf­lar müş­de­ri­niň eşik­le­ri­ni 20 mi­nu­dyň do­wa­myn­da ýu­wup, gu­ra­dyp we ütük­läp goý­ýar. Mü­şde­ri­niň el go­şu­ny da­şa­mak we ýer­leş­dir­mek, aras­sa­çy­lyk ýa­ly äh­li hyz­mat­lar ro­bot­lar ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar.
«Ju­les’Un­der­sea Lod­ge»: ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­ty­nyň Key Lar­go şä­he­rin­de 1986-njy ýyl­da açy­lan myh­man­ha­na bel­li fran­suz ýa­zy­jy­sy Žýul Wer­niň «Deň­ziň astyn­da 20 müň lýe» ro­ma­nyn­dan göz­baş al­ýar. Müş­de­ri­le­r myh­man­ha­na gir­mek üçin 9 metrlik su­wa çüm­me­li bol­ýar­lar. Iki otag­ly myh­man­ha­na­nyň otag­la­ry­nyň di­war­la­ry tu­tuş­ly­gyn­a aý­na­dan ýa­sa­lyp, de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň ýa­şa­ýan tebigy şert­le­r­ini syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
«Tree­ho­tel»: Şwe­si­ýa­da­ky bu myh­man­ha­na aga­jyň üs­tün­dä­ki jaý­da ýa­şa­mak is­le­ýän­le­riň is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ýar. Te­bi­ga­tyň jüm­mü­şin­de, asu­da ýer­de ýer­leş­ýän myh­man­ha­na­nyň di­war­la­ry hem agaç­dan ýa­sa­lyp­dyr.
«Giraffe Manor»: Ke­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Naý­ro­bi­dä­ki bu myh­man­ha­na ži­ra­f­la­ryň ara­syn­da wagt ge­çir­me­k üçin şert döredýär. Myh­man­ha­na­nyň how­lu­syn­da na­har­lan­ýan wag­ty­ňyz ýa­ny­ňy­za bir ži­ra­fyň gel­me­gi müm­kin. Is­le­se­ňiz oňa iý­ýän za­dy­ňy­zdan hö­dür edip bil­er­si­ňiz. Bu ýag­daý myh­man­ha­na ota­gyn­da­ka­ňyz hem bol­ma­gy müm­kin. Bi­na­nyň ikin­ji ga­tyn­da açyk du­ran pen­ji­re­den ži­raf kel­le­si­ni uzat­sa, oňa mi­we­dir gök önü­mi­ňizden uza­dyp bi­ler­si­ňiz. Bu myh­man­ha­na te­bi­gy şert­ler­de az san­ly­sy bar bo­lan ži­ra­f­la­ryň Rot­şild at­ly gör­nü­şi­niň ýaý­ran ýe­ri­ne ýa­kyn gur­lup­dyr.
«Arctic Resort»: De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa­da ýer­leş­ip, Finl­ýan­di­ýa­nyň Kaks­la­ut­ta­nen şä­he­rin­dä­ki aý­na üçek­li Es­ki­mo kül­be­le­ri­ne meň­zeş myh­man­ha­na öz müş­de­ri­le­ri­ne tä­sin te­bi­gy gö­zel­lik bo­lan de­mir­ga­zyk yşyk­la­ry­ny gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, de­mir­ga­zyk yşyk­la­ry tä­sin te­bi­gy gö­zel­lik bo­lup, ony di­ňe ýy­lyň gyş aý­la­ryn­da de­mir­ga­zyk pol­ýu­sa ýa­kyn ýer­ler­de gi­je­si­ne gö­rüp bol­ýar. Ýa­şy­lym­tyl reňk­li bu yşyk­lar tol­kun ýa­ly öw­süp, gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi eme­le ge­tir­ýär. Güm­mez gör­nüş­li ki­çi­jik otag­la­ryň ýo­kar­syn­da­ky aý­na aý­dyň gi­je­ler­de ýyl­dyz­la­ra to­ma­şa et­mä­ge hem müm­kin­çi­lik ber­ýär. Myh­man­ha­na­nyň aý­na­la­ry ga­ra we do­ňak­lyk­la­ra çy­dam­ly ýö­ri­te ma­te­ri­al­lar­dan ýa­sa­lyp, dün­ýä­de aý­na ör­tük­li tä­sin myh­man­ha­na­la­ryň ha­ta­ryn­da or­nu­ny tap­ýar. Şeý­le hem bu ýer­de «Ur­ho Kek­ko­nen» mil­li se­ýil­gä­hi­niň gap­da­lyn­da­ky köl­de buz üs­tün­de typ­mak we ba­lyk tut­mak ýa­ly gy­zyk­ly güý­men­je­ler bi­len wagt ge­çi­rip bi­ler­si­ňiz.
«Kosta Werde»: Kos­ta Ri­ka­da Ýu­waş um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da, tro­pik to­kaý­la­ry­nyň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän myh­man­ha­na­ aja­ýyp gö­zel­li­ge ýa­kyn­dan syn et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Myh­man­ha­na­nyň daş­ky gör­nü­şi 1965-nji ýyl­da ön­dü­ri­len «Boeing 727» uça­ry­na meň­zeş. Uça­ryň sag ga­na­tyn­da gur­lan gi­rel­ge­sin­den da­şa­ryk se­re­de­niň­de ýa­ba­ny maý­myn­la­ry we beý­le­ki to­kaý jan­dar­la­ry­ny, göz­ýe­ti­me çen­li uzap gid­ýän um­ma­ny, gi­je­si­ne aras­sa as­man­da­ky pat­rak ýa­ly ýyl­dyz­la­ry gö­rüp bol­ýar.
«Montaňa Magica»: And dag ul­ga­my Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da­ky bir­nä­çe ýur­duň için­den geç­ip, Çi­li­de da­gyň ete­gin­de gur­lan täsin myh­man­ha­na­sy­nyň de­pe­sin­den ak­ýan çeş­mä­niň su­wy eň­ňit­dä­ki ga­ýa­la­ra ur­maz­dan ozal pen­ji­re­le­ri ýu­wup, aşak­ly­gy­na ak­ýar. Içi köp­ýyl­lyk agaç­lar bi­len be­ze­len otaglarda, özü­ňi to­ka­ýyň jüm­mü­şin­de ýa­ly duý­ýar­syň, aras­sa ho­wa­syn­dan dem al­ýar­syň. Bu ýe­re ge­len myh­man­lar öz­le­ri­ni te­bi­ga­tda­ky ýa­ly duý­gu­la­ryň gap­lap al­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.