9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Milli Liderimiz Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygyny alanyna şu ýyl 30 ýyl dolýandygyny belledi. Geçen şu döwrüň içinde Türkmenistan parahatçylygy söýüji ygtybarly hyzmatdaş döwletdigini bütin dünýä äşgär edip, özbaşdaklyk syýasatyny gyşarnyksyz ýöredip geldi.
Häzirki döwürde hem Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek, parahatçylygy söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, «açyk gapylar» ýörelgesini amala aşyrmak boýunça köp tagallalar edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Bu ugurda Daşary işler ministrligi, beýleki döwletlerdäki ilçihanalarymyz we konsullyklarymyz uly işleri alyp barýarlar.
Olar ata Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, gazanýan üstünliklerimizi giňden dünýä ýaýýarlar, Bitaraplyk syýasatymyzy iş ýüzünde amala aşyrýarlar. Hoşniýetli hyzmatdaş hökmünde Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny barha artdyrýarlar.
Ilki bilen Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe söz berildi. Ol institut tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de şu ýyl üçin bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi.
Institutda deňeşdirme-hukuk usulynda ylmy seljerme işleriniň geçirilýändigi, şonuň netijeleri boýunça kanun taslamalarynyň 22-si boýunça teklipleriň we bellikleriň girizilendigi bellenildi. Şeýle hem pudaklaýyn düzgünnamalaryň we resminamalaryň taslamalarynyň 26-sy boýunça seljermeler geçirildi. Geçen ýylda hereket edýän kanunlara ylmy-amaly düşündiriş görnüşinde kitaplaryň ikisi neşir edildi. Şeýle hem institutyň gatnaşmagynda ylmy wideomaslahatlaryň 35-si guraldy.
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew hormatly Prezidentimize 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler hem-de “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýubileý ýylynda bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi.
Institutda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny we diplomatiýasyny ylmy esasda öwrenmek babatda meýilnamalaýyn alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde, daşary syýasatyň we diplomatiýanyň derwaýys meseleleri boýunça okuw kitaplary hem-de gollanmalar, sözlükler, ylmy monografiýalar yzygiderli neşir edilýär.
Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, institutyň gurluşy yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça Okuw merkezi açyldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli institutyň dünýäniň 23 döwletinden hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri we diplomatik akademiýalary bilen onlaýn maslahatlary we duşuşyklary geçirildi.
Soňra hasabat bermek üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewe söz berildi.
Hormatly Prezidentimiziň halkara ylmy gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, geçen ýyl dört daşary ýurt okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlyk barada ähtnamalara gol çekildi. Şeýlelikde, häzirki wagtda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Uniwersitetde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatlarynyň umumy mejlisleriniň ikisi geçirildi. 2020-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary internet arkaly guralan ylmy-amaly maslahatlaryň 70-den gowragyna, şol sanda halkara maslahatlara gatnaşdylar.
Hasabat döwründe ýokary okuw mekdebiniň talyplary halkara we internet bäsleşiklerinde baýrakly orunlaryň 22-sine, ýurdumyzda geçirilen ders bäsleşiklerinde – 128-sine mynasyp boldular.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň esaslaryny öwrenmäge hem-de ylmy seljermesine, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna, mähriban halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny hem-de däp-dessurlaryny wagyz etmäge berilýän ünsüň örän wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe ýüzlenip, adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işini işjeňleşdirmegi, dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri yzygiderli işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň alyp barýan ylmy işleri bilen gyzyklanyp, ýolbaşçylaryň hemişe öz talyplary üçin mynasyp görelde bolmalydygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň 2020-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen, degişli işleriň geçirilendigi bellenildi.
Garalýan döwürde döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy, onlaýn görnüşde geçirilen birnäçe duşuşyklara we ýokary derejeli maslahatlara gatnaşdy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideo ýüzlenme bilen çykyş etdi.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi.
Milli Liderimiziň BMG-niň Baş sekretary hem-de daşary döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, şolaryň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Garalýan döwürde wideo görnüşinde dürli duşuşyklar geçirildi. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Geçen ýyl daşary syýasat edaralarynyň we diplomatik wekilhanalaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda yzygiderli çäreler görüldi. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek boýunça maksadalaýyk işler amala aşyryldy. Ikitaraplaýyn Hökümetara toparlarynyň hem-de beýleki degişli düzümleriň birnäçe mejlislerini, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik maslahatlary geçirildi.
Soňra daşary işler ministriniň orunbasarlary W.Hajyýew we B.Mätiýew döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornumyzy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň döwletara derejesinde dostlukly gatnaşyklary hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigini, abraýly halkara sebit guramalary bilen oňyn gatnaşyklary giňeltjekdigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Wise-premýer Daşary işler ministrliginiň netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler we döwlet Baştutanymyzyň degişli tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maliýe meselelerini öz wagtynda çözmek hem-de işgärleriň netijeli işlemegi üçin degişli şertleri üpjün etmek maksady bilen, şol meseleleri yzygiderli seljermegiň zerurdygy barada görkezme berdi. Olaryň işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň jemini jemläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmen döwletiniň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatyny bütin dünýä giňden açyp görkezmegiň wajypdygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe ýüzlenip, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, jemgyýetiň hukuk esaslaryny has-da berkitmek, halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik däplerini baýlaşdyrmak, her bir raýatyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek boýunça işleri talabalaýyk dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Institutyň ýolbaşçysyna şeýle hem dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri yzygiderli işläp taýýarlamak, bu ugurda döwletimiziň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işini has-da güýçlendirmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorlary J.Gurbangeldiýewe hem-de E.Aýdogdyýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýokary hünär derejeli bolmagynyň we zehinli ýaş diplomatlary taýýarlamagyň şu ýokary okuw mekdepleriniň baş maksatlarynyň biri bolmalydygyny nygtady.
Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talabyna laýyklykda, Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde täze hünär ugurlaryny açmagyň ýagdaýyny seljermegi, hususan-da, geljekde dürli sebitler, şol sanda Gündogary öwreniş, Amerika we Ýewropa ýurtlary, sanly diplomatiýa, kiberhowpsuzlyk, seljeriş we strategik meýilleşdiriş boýunça ýöriteleşen hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçiligini öwrenmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Daşary işler ministrliginiň öňünde durýan wezipelere geçip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa we beýleki degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny has-da giňden amala aşyrmak babatda tabşyryk berdi.
Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegi, bu guramanyň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy we ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen Kararnamalaryny hem-de beýleki resminamalaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen döwletimiziň bähbitlerine gabat gelýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Milli Liderimiz sebitdäki ykdysady ýagdaýlary seljerip, ýurdumyzyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy bilen geljekde alyp barjak hyzmatdaşlygyna täzeçe çemeleşmek bilen, anyk teklipleriň taýýarlanylmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna degişli döwlet edaralary bilen bilelikde daşary ýurtlarda söwda wekilhanalarymyzy açmak üçin hem teklipleri bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, döwlet býujetinden hem-de maliýeleşdirmegiň beýleki döwlet çeşmelerinden bölünip berilýän serişdeleriň öz wagtynda we maksadalaýyk özleşdirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýene-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, garamaga teklip edilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna ünsi çekdi.
Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky, «Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny tassyklamak hakyndaky», «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky» Kararlar bar.
Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny döretmek hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz bu Karara gol çekjekdigini aýdyp, galan Kararlar beýleki pudaklaryň işi bilen hem bagly bolansoň, olara Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçiriljek giňişleýin mejlisinde seredilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Milli Liderimiz Karara gol çekip we şu mynasybetli türkmen diplomatlarynyň ählisini gutlap, ony wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny döredendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň bu çözgüdiniň ýurdumyzyň diplomatik düzümi üçin şanly wakadygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.