“Chevrolet” kompaniýasy uly islegden peýdalanýan “Bolt EV” elektroulagyny kämilleşdirdi. Şeýle hem ulagyň krossower nusgasy taýýar edildi. Adaty “Bolt EV”-den ulurak bolan bu ulag “Bolt EUV” diýlip atlandyryldy. Kompaniýanyň ýolbaşçylary krossowere islegiň ýokary bolmagyna garaşýarlar. Ilkinji nusgasy 2016-njy ýylda müşderilere ýetirilen modeliň 2021-nji ýyla niýetlenen görnüşinde dizaýn babatda birneme üýtgeşmeler girizilipdir. Ulagyň öňki çyralary has insiz we owadan görünýär. Içki dizaýnynda hem täzelikleri özünde jemleýän ulagyň öň tarapynda 10,2 dýuýumlyk ekran ýerleşdirilipdir. Şeýle hem tizlik, ýangyç we beýleki maglumatlaryň görkezilýän ekranyň elektron görnüşdäkisi oturdylypdyr. Ulagyň içindäki multimediýa ulgamy “Apple CarPlay” we “Android Auto” programmalary bilen sazlaşykly işleýär.
“Bolt EV” hem-de “Bolt EUV” ulaglarynda 65 kilowattlyk elektrik motory oturdylyp, onuň kuwwaty 200 at güýjüne barabar. Ulaglaryň iki görnüşine hem 30 minut zarýad berlende 160 kilometr ýol geçip bolýar. Ýeri gelende aýtsak, ulaglaryň iki görnüşinde hem şol bir hereketlendiriji oturdylypdyr. Göwrüminiň tapawutlydygyna garamazdan, ulaglaryň kuwwaty we bir gezekki zarýady bilen geçip bolýan ýoly örän ýakyn. Has kuwwatly bolan “Bolt EUV” bilen 402 kilometr, “Bolt EV” bilen 416 kilometr ýol geçip bolýar.
Ilkinji nobatda, amerikan bazaryna hödürlenjek “Bolt EV” 31,995 dollardan, “Bolt EUV” bolsa, 33,995 dollardan satuwa çykarylar. Golaýda önümçiligine başlanjak ulaglar şu ýylyň tomus aýlarynda müşderilere ýetiriler.