Şu gün 18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi” atly ylmy maslahat geçirildi. Bu maslahata ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çykyş edip, halkara derejede parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde şeýle hem, Türkmen diplomatiýasynyň ýeten belent sepgitleri, üstünlikleri hakynda gürrüň berdiler. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we ýurdumyzda iş alyp barýan BMG-niň düzümleriniň sergisi guraldy.

Alty ALTYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

2021-nji ýylyň “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip, atlandyrylmagy bilen ýurdumyzda bellenilýän diplomatik işgärleriniň hünär baýramy özboluşly öwüşgine eýe, sebäbi bu ýyl bellenilýän bu baýram, türkmen diplomatiýasynyň ýeten sepgitleri belent üstünlikleri bilen, utgaşykly amala aşyrylýar. Şeýle hem, Türkmenistanyň alyp barýan içeri syýasatynyň gönüden-göni dowamy bolup çykyş edýän daşary syýasatda esasy işler,esasy orun türkmen diplomatlaryna degişli bolup durýar, şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatyny dünýä wagyz etmekde, ony bütin dünýäde dabaralandyrmakda türkmen diplomatiýasynyň aýratyn orny, hormaty bar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda 2009-njy ýyldan bäri bellenilýän bu baýramçylyk hut biziň ýokary okuw mekdebimizde bellenilmegi hem aýratyn bir mana eýe, sebäbi biziň ýokary okuw mekdebimiz adyndan hem belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine degişli bolan Halkara gatnaşyklary instituty. Bu ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyzyň daşary syýasatynda özüniň mynasyp goşandyny goşjak halkaraçy hünärmenler taýýarlanylýar. Geljekki hünärmenleri taýýarlamakda biziň ýokary okuw mekdebimizde häzirki wagta çenli Halkara gatnaşyklary, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary, şeýle-de Halkara žurnalistikasy ýaly hünär ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňky geçen 30 ýylyň dowamynda, daşary syýasatda Türkmenistanyň abraýy barada, galyberse-de şu ýyl “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzda bu ugurda, Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän hoşniýetli, parahatsöýüjilikli daşary syýasatynda gazanan üstünlikleri barada birek-birek bilen pikir alyşmak, daşary ýurtly myhmanlaryň pikirlerini diňlemek möhüm mesele bolup durýar, şonuň üçin hem her ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem “Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi” atly ylmy maslahat geçirilýär. Maslahatyň dowamynda türkmen diplomatlary bilen bir hatarda daşary ýurtlylaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynda zähmet çekýän daşary ýurtly diplomatlar, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň Türkmenistan baradaky aýdýan sözlerini diňlemek has hem buýsandyryjy. Türkmenistan häzirki güne çenli daşary syýasaty alyp barmakda halkara gatnaşyklaryda mynasyp oruna eýe bolup, häzirki wagtda hem 150-ä golaý döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary, 47 sany halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar, iň esasylarynyň biri hem, Birleşen Milletler Guramasy bolup, Ýewropada hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk guramasy, Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy ýaly, halkara hem sebit bähbitlerini goraýan halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklamagy, Türkmenistanyň at abraýynyň dünýä dolmagyna uly mümkinçilik döredýär. Biz häzirki wagtda ýurdumyz diňe döwlet bähbitli däl, eýsem-de sebit bähbitli, halkara bähbitli, umumyadamzat bähbitli başlangyçlar bilen, BMG-nyň baş Assambleýasynda öz tekliplerimiz bilen çykyş edýäris. Şu günki gün bellenilýän diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimizi hem-de diplomatik işinde zähmet çekýän ähli diplomatlarymyzy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlaryny, diplomatlaryny tüýs ýürekden gutlaýarys. Bu ylmy maslahatyň ahyrynda halkyň islegi hasyl bolýan garaşsyz ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlere beslenmeginde, parasatly syýasaty alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Ýaş diplomatlary we Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym ýyl talyplaryny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomy bilen sylaglanyldy. Men hem öz gezegimde Gahryman Arkadagymyza bizi şular ýaly hünär baýramymyz bilen gutlap,  uly diplomlar  bilen sylaglandygy üçin köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 Ogulgerek ANNAÝEWA,

Birleşen Milletler Guramasynyň betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmek ugrunda işleýän bölüminiň utgaşdyryjysy.

Bu gün hem her ýyl-da bolşy ýaly, diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatik işgärleriniň güni uludan bellenilýär. Häzirki wagtda diplomatiýa kärine bildirilýän talaplar diýseň ösýär. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň tagallasy bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine tutumly işler amala aşyrylýar. Bitaraplygyň, ynsanperwerligiň dostlaryny köpeltmek babatda täze başlangyçlar öňe sürülýär. Esasan-da, hyzmatdaş ýurtlar bilen bilelikde sebit we yklym bähbitli işler alnyp barylýar. Türkmenistan häzirki zamanyň çylşyrymly, halkara şertlerinde hoşniýetli gatnaşyklaryň serişdesi hökmünde ynsanperwer gapylaryny giňden açýar. Bu gün biz hem sergide Birleşen Milletler Guramasynyň ähli bölümleriniň işlerini giňişleýin açyp görkezýäris. Biziň bölümimiziň hem esasy maksady betbagtçylyklaryň adamalaryň durmuşyna we abadançylygyna edýän täsirine ünsi jemlemek bilen, bu ýylyň mowzugy, eger ýurtlaryň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça strategiýalary bar bolsa, köp betbagtçylygyň öňüni alyp boljakdygyny habar bermekden ybaratdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça edarasynyň okuwy tebigy we tehnogen heläkçilikleriniň ýaramaz täsirini azaltmak, şeýle hem, betbagtçylyklary dolandyryşdan töwekgelçilikleri dolandyryşa geçmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça edarasynyň ofisi we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan döredilen ileri tutulýan ugurlary goldaýar we mümkinçilikleri berkidýär. Bu günki gün Türkmenistan döwletiniň Bitaraplygy, sebit we ählumumy derejede hoşniýetli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň möhüm guraly hökmünde çykyş edýär. Men hem öz gezegimde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ähli işgärlerini, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlaryny, talyp ýaşlaryny hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Söhbetdeş bolan Umyt ANNAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.