Aleksandr Dýumanyň dünýä belli eseri “Üç muşketýorlar” barada ýene bir film surata düşüriler. Ozal hem telim kino surata düşürilen eseriň täze nusgasyna fransiýaly Martin Burbulon režissýorlyk eder. Iki bölümden – “Üç muşketýorlar: Dartanýan” (The Three Musketeers: D’Artagnan) hem-de Üç muşketýorlar: Miladi” (The Three Musketeers: Milady) ybarat boljak filmde fransuz kino sungatynyň görnükli wekilleri Ewa Grin, Wensan Kassel, Lui Garrel, Wiki Krips, Fransua Siwil ýaly artistler dürli keşpleri janlandyrarlar. Fransua Siwil Dartanýanyň, Ewa Grin Miladiniň keşbinde surata düşerler. Iki bölümiň ssenarisini-de Mattiu Delapor bilen Aleksandre de la Patellie ýazar. Filmiň surata düşüriliş işleri tomus aýlarynda Fransiýada alnyp barlar. Ekran eserini geljek ýyl prokata çykarmak meýilleşdirilýär.