17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler
ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.

Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň sa­la­my­ny döwlet Baştutanymyza ýe­tir­di. Goň­şy ýur­duň Baş­tu­ta­ny milli Liderimize hem-de dost­luk­ly türk­men hal­ky­na pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.
Dost­luk­ly döw­le­tiň DIM-niň ýol­baş­çy­sy­nyň nyg­taý­şy ýa­ly, Öz­be­gis­tan­da bi­ziň halk­la­ry­my­zyň do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne türk­men Li­de­ri­niň goş­ýan şah­sy go­şan­dy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler, ýo­ka­ry döw­let de­re­je­sin­de ýo­la go­ýul­ýan yna­nyş­mak, açyk we ne­ti­je­li sy­ýa­sy gat­na­şyk­lar bol­sa, iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň öze­ni­ni düz­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, dost­luk­ly ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­na we hal­ky­na iň oňat ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, goň­şy döw­let­ler, şol san­da Öz­be­gis­tan bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň mil­li da­şa­ry sy­ýa­sy ýö­rel­gä­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­da­ýy­na esas­la­nan oňyn türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­nyň ösü­şi­niň yzy­gi­der­li hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di hem-de ola­ry gi­ňelt­me­giň mö­hüm­di­gi­ni tu­tuş se­bi­tiň bäh­bi­di­ne hyz­mat ed­ýän ýo­la goý­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän se­bit we dün­ýä gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bi­ziň ýurt­la­ry­myz iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk edip, hä­zir­ki döw­rüň bir­nä­çe me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ýa­kyn­dy­gy­ny ýa-da ga­bat gel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hal­ka­ra de­re­je­sin­de yna­nyş­ma­gyň we öza­ra gol­daw ber­me­giň ýo­ka­ry de­re­je­si nyg­tal­dy hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy we ro­waç­ly­gy üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­le­ri­niň, şol san­da BMG-niň, GDA-nyň, Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň hem-de beý­le­ki­le­riň çäk­le­rin­de gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga gy­zyk­lan­ma­lar tas­syk­la­nyl­dy.
Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ýurt­la­ryň iki­si hem se­bi­tiň umu­my me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet ber­ýär­ler. Şol mö­hüm me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da Ara­ly ha­las et­mek hem-de suw se­riş­de­le­rin­den oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri dur­ýar.
Se­bit­le­ýin howp­suz­lyk we dur­nuk­ly­lyk hem-de şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, goň­şy Ow­ga­nys­ta­na kö­mek ber­mek ba­ra­da­ky me­se­le­ler­de hyz­mat­daş­lyk et­mek aý­ra­tyn ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da pa­ra­hat­çy­ly­gy we ra­ýat yla­la­şy­gy­ny di­kelt­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra ta­gal­la­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Öz­be­gis­ta­nyň iş­jeň gat­naş­ýan­dyk­la­ry umu­my yk­rar edi­len­dir we söh­bet­deş­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­lyk iki­ta­rap­la­ýyn esas­da bol­şy ýa­ly, köp­ta­rap­la­ýyn we hal­ka­ra de­re­je­sin­de hem do­wam et­di­ri­ler.
Öz­be­gis­ta­nyň DIM-niň ýol­baş­çy­sy türk­men Li­de­ri­niň öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň, şol san­da Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan gol­da­ny­lan 2021-nji ýy­ly Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi­niň öz wag­tyn­da öňe sür­len wa­jyp baş­lan­gyç­dy­gy­ny bel­le­di.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sü­ren stra­te­gik baş­lan­gyç­la­ry­ny Öz­be­gis­tan do­ly gol­da­ýar.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da sy­ýa­sy, dip­lo­ma­tik me­se­le­ler bi­len bir ha­tar­da, iki­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy we ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gi­ňel­dil­me­gi­niň gel­je­gi hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şol hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry gaz, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da, söw­da, oba­se­na­gat hem-de beý­le­ki ul­gam­lar­da bi­le­lik­de iş­le­mek­den yba­rat­dyr.
2020-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň 8,6 gö­te­rim ýo­kar­la­nan­dy­gy­ny bel­le­mek ýer­lik­li­dir.
Bu ba­bat­da dür­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-öz­bek to­pa­ry­nyň, şeý­le hem ge­çen ýy­lyň 7-nji okt­ýab­ryn­da wi­deoa­ra­gat­na­şyk gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len «Türk­me­nis­tan-Öz­be­gis­tan» işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň il­kin­ji mej­li­si­niň işi­ne oňyn ba­ha be­ril­di.
Söh­bet­deş­ler ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da we il­kin­ji no­bat­da, tä­ze üs­ta­şyr ge­çel­gä­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki giň ge­rim­li dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň wa­jyp­dy­gy­na aý­ra­tyn ün­si çek­di­ler.
DIM-niň ýol­baş­çy­sy A.Ka­mi­lo­wyň nyg­taý­şy ýa­ly, Öz­be­gis­tan türk­men Li­de­ri­niň öňe sü­ren Azi­ýa­nyň we Ýew­ro­pa­nyň, Ýa­kyn hem-de Uzak Gün­do­ga­ryň ulag ul­gam­la­ry­ny bir­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­ny iş­jeň gol­da­ýar. Şol baş­lan­gyç­lar hal­ka­ra üs­ta­şyr ýük akym­la­ry­ny kö­pelt­mä­ge, dur­nuk­ly ösü­şe, Mer­ke­zi Azi­ýa we ser­het­deş se­bit­le­riň ýurt­la­ry­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan gül­läp ös­me­gi­ne ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Myh­man öz ýur­dun­da ge­çen ýyl COVID-19 pan­de­mi­ýa­sy se­bäp­li ýü­ze çy­kan dün­ýä­niň umu­my yk­dy­sa­dy çök­gün­li­gi­ne ga­ra­maz­dan, Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy hem-de bel­le­ni­len umu­my me­ýil­na­ma­la­ryň we tas­la­ma­la­ryň gel­jek­de hem üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­jek­di­gi­ne umyt bil­dir­di.

Şeý­le hem iki ýur­duň halk­la­ry­ny asyr­la­ryň do­wa­myn­dan bä­ri bir­leş­dir­ýän me­de­ni we ru­hy däp­le­riň ta­ry­hy taý­dan ýo­la goý­lan umu­my­ly­gy bin­ýa­dyn­da du­ran yn­san­per­wer ul­gam­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da öz­bek­le­riň uly kow­çum bo­lup, türk­men­ler bi­len dost­luk­da we do­gan­lyk­da ag­zy­bir ýa­şa­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Olar öz zäh­me­ti bi­len ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar­lar. Mu­nuň bir my­sa­ly hök­mün­de 2020-nji ýy­lyň iň oňat et­ra­by­nyň sy­lag­la­nyl­ma­gy­ny gör­kez­mek bo­lar. Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky et­ra­by ýö­ri­te bäs­le­şi­giň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça iň go­wy et­rap di­ýip yg­lan edil­di.
Daş­kent şä­he­rin­de türk­men hal­ky­nyň akyl­da­ry we şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ady­ny gö­ter­ýän kö­çä­niň we akyl­dar şa­hy­ryň heý­ke­li­niň hem-de «Aş­ga­bat» se­ýil­gä­hi­niň açyl­ma­gy ba­ky dost­lu­gyň, ag­zy­bir­li­giň hem-de halk­la­ryň me­de­ni taý­dan ýa­kyn­ly­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Öz no­ba­tyn­da, türk­men paý­tag­tyn­da Aly­şir No­wa­ýy kö­çe­si bo­lup, «Yl­ham» se­ýil­gä­hin­de onuň ýa­dy­gär­li­gi otur­dyl­dy.
Söh­bet­deş­ler me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe tek­lip­le­ri­ni aýt­dy­lar. Hu­su­san-da, mil­li Li­de­ri­miz Aş­ga­bat­da «Daş­kent» di­ýen at bi­len se­ýil­gä­hiň gu­rul­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we myh­man dö­re­di­ji­lik we yl­my iş­gär­le­riň yzy­gi­der­li du­şu­şyk­la­ry­ny, Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni, ser­gi­le­ri, kon­sert­le­ri, fes­ti­wal­la­ry ge­çir­me­giň üs­tün­lik­li tej­ri­be­si­ni do­wam et­mek ba­bat­da bi­le­lik­dä­ki pi­kir­le­ri­ni aýt­dy­lar. Mu­nuň özi umu­my mi­ra­syň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy­na hem-de halk­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, dün­ýä ta­ry­hyn­da we me­de­ni­ýe­tin­de uly yz go­ýan aja­ýyp şah­sy­ýet­le­riň, şol san­da Öz­be­gis­ta­nyň be­ýik döw­let iş­gä­ri, ýa­zy­jy Za­hi­rid­din Mu­ham­mad Ba­bu­ryň hor­ma­ty­na şan­ly da­ba­ra­la­ry bi­le­lik­de ge­çir­me­giň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem-de myh­man türk­men-öz­bek hyz­mat­daş­ly­gy­nyň, şol san­da iri hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­dä­ki gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li ösüş dep­gi­ni­ne ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, hä­zir­ki dö­wür­de is­leg bil­di­ril­ýän ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bo­lan öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni tas­syk­la­dy­lar.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Öz­be­gis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ab­du­la­ziz Ka­mi­low iki ýur­duň ara­syn­daky uzak­möh­let­le­ýin gat­na­şyk­la­r ar­ka­ly ber­ki­di­len ýö­rel­ge­ler esa­syn­da ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gyň do­gan­lyk halk­la­ryň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.