Gadymdan bäri ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň biri bolan künjüden ýokary hilli ýag alynýar. Künjiniň boýy 50-80 sm-e barabar bolup, kösükli ekinleriň hatarynda durýar. Öňki wagtlarda künji köplenç düme görnüşinde ekilipdir. Emma bu usul arkaly ekilende az hasyl berýär. Künji ýagtylygy we ýylyny halaýar. Onuň tohumynyň gögerijiligini ýokarlandyrmak üçin ekiş mahaly topragynyň ýylylygy 15-20oС derejede bolmaly. Toprakda ýylylyk we çyglylyk ýeterlik bolanda, ol 5-6 günden soň gögerip başlaýar. Sortyna baglylykda onuň gögeriş döwri 90-dan 120 güne çenli ýa-da ondan hem gowrak dowam edýär. Künji güýzlük galla ekinleriniň yzyna ekilende gowy hasyl berýär. Türkmenistanda künjiniň giňden ulanylýan ýerli “Sarahs-470” sorty iň ýokary hasylly hasaplanýar. Künjiniň dänesinde 47-60% çenli ýag bolup, juwazda ondan 46-50%-e çenli ýag alyp bolýar. Tagamy we hili babatda künji ýagy günebakaryň we gowaçanyň ýagyndan ýokary hasaplanýar. Künji ýagy zeýtundan soňra iň gowy ösümlik ýagy hasaplanýar. Onuň özboluşly tagamy we ýakymly ysy bolup, bişme, çapady, çelpek bişirmekde, milli naharlary taýýarlamakda, şeýle hem ertirlikde çörek batyrylyp iýilýär. Künji gowrulan görnüşinde azyklyk üçin doňdurma, halwa we gowurga taýýarlamakda giňden peýdalanylýar. Künji ýagyny senagatda iýmit görnüşinde, süýji önümlerini öndürmekde we saklamakda, margarin öndürmekde uly isleg bildirilýär. Künji ýagy has arassa, ýokary hilli ýagdyr. Aşgazan, garyn-içege, bagyr keselleri bilen kesellän adamlara künji ýagy has ýaramlydyr. Künjüde adam bedeni üçin gerek bolan elementleriň birnäçesi hem-de fosforyň köp mukdary bar. Lukmançylykda ony derman üçin hem peýdalanýarlar.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.