Bereketli türkmen topragynda oturdylýan her bir nahal tebigatymyzyň has-da abadanlaşmagyna ýardam edýär. Bag ekmek halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň we döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzda miweli saýaly, pürli we üzüm nahallarynyň 30 million düýbüni oturdylmagy meýilleşdirilýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň töwereginde 10 million bag nahallary, ýurdumyzyň welaýatlarynda 20 million düýp nahal oturdylar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda 25 million düýp nahal ekilipdi. Ençeme ýyldan bäri däp bolup gelýän köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň netijesinde ýurdumyz gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrülýär.