Germaniýanyň “Deutsche Welle” gullugynyň habaryna görä, “Microsoft”-yň esaslandyryjysy Bill Geýts geljekki bäş ýylda global howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreş üçin taslamalara 2 milliard dollar maýa goýmagy maksat edinýär. Bil Geýtsiň pikiriçe, dünýä ýurtlary howany goramaga gönükdirilen barlaglara çykdajylaryny azyndan bäş esse, ýylda 110 milliard dollara çenli köpeltmeli. Bil Geýts Germaniýanyň “Handelsblatt” neşirine beren interwýusynda “Biziň fiziki ykdysadyýetimizi geçmişdäkä garanyňda, has çalt depginde üýtgetmegimiz gerek” diýdi.

Şunuň bilen birlikde, Geýts dünýä senagatynyň gazylyp alynýan energiýa serişdelerinden ýüz öwürmeli däldigini, sebäbi Gün we ýel ýaly alternatiw çeşmeleriň elektrige bolan global zerurlygy kanagatlandyrmak üçin ýeterlik däldigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, atmosferadan kömürturşy gazlaryny susup almak üçin niýetlenen tehnologiýa uly umyt baglaýandygyny aýtdy. Bil Geýtsiň nukdaýnazaryndan geljegiň başga bir energiýa çeşmesi wodorod ýangyjydyr. Onuň ulanylmagy sement we polat önümçiliginde ýüze çykýan kömürturşy gazyny ep-esli derejede azaldyp biler. Şeýle-de Bill Geýts 2050-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň diňe bir azaldylman, eýsem, nola çenli pese düşürilmelidir diýip belledi.