Ilon Maskyň eýeçilik edýän “Tesla” kompaniýasynyň kriptowalýutadan alan bir aýlyk girdejisi geçen ýyl ulag satuwyndan alan girdejisinden ýokary boldy. Elektroulag satuwy bilen meşgullanýan kompaniýa geçen ýylyň dowamynda 721 million dollar peýda gazanypdyr. Geçen aý bolsa, kompaniýa 1,5 milliard dollarlyk “Bitcoin” satyn almak kararyna gelipdi. Amerikan metbugatyndaky habarlara görä, kompaniýa diňe bu ugurdan 3 hepdäniň dowamynda 970 million dollar girdeji alypdyr. Kompaniýa ýakyn geljekde kompaniýanyň  “Bitcoin” töleg serişdesi hökmünde ulanjakdyklaryny hem mälim edipdi. Bu beýanat ýaýradylandan soňra “Bitcoin”-iň bahasy 44 müň 300 dollara çykypdy. Şonuň öňýany kriptowalýutanyň bahasy 34 müň dollar töweregidi.