Soňky ýyllarda älem giňişligini öwrenmek we bu ugurdaky ylmy-barlag işleri geçirmek işi has-da ýaýbaňlandyryldy. Ol hem tutuş dünýäde kosmos tehnologiýalar döwrüni açdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1999-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda kabul edilen karara laýyklykda, 4-10-njy oktýabr aralygy Bütindünýä kosmos hepdeligi hökmünde bellenip geçilýär.
Milli Liderimiziň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistan öz taryhynda älem giňişligine açyldy. Geçen ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň ilkinji emeli hemrasy älem giňişligine çykaryldy. Şeýlelikde, Türkmenistan älem giňişliginde emeli hemrasy bolan sanlyja döwletleriň hataryna goşuldy.
Kosmosda ylmy-barlaglaryň mümkin bolan ähli görnüşlerini alyp barmak işini ýerine ýetirýän ylmy hemralar häzirki zaman dünýä ylmynyň möhüm bölegi bolup durýar. Olaryň üsti bilen günüň tegmillerinden başlap, dürli asman şöhleleriniň täsirine çenli gözegçilik edip bolýar.
Şu ýyl geçirilýän kosmos hepdeliginde kosmosdan Ýeri öwrenmegiň usullary, uzak aralykdan zondirlemek ýaly ugurlarda edilýän işler barada dürli çäreler geçirilýär.
Bütindünýä kosmos hepdeligini geçirmek pikiri 1957-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda ilkinji emeli hemranyň älem giňişligine ugradylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Şol ýyl «Sputnik I» emeli hemrasy uçurylypdy. Şeýle hem 1967-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda döwletleriň kosmos giňişligini ulanmaklary we seljeriş işlerini geçirmekleri hakyndaky ylalaşyk güýje giripdi.
Bu hepdeligiň çäklerinde dünýäniň 73 döwletinde müňden gowrak dürli ylmy maslahatlar geçirilýär.