Belli sazanda-multiinstrumentalist, kompozitor Serdar Haýdarow bilen söhbetdeşlik
Isle aýdym aýtsyn, isle saz çalsyn, isle-de surat çeksin – sungat ussady özüniň başdan geçiren duýgularyny başga adamlara hem ýetirip bilýär. Ussat öz duýgusyny hereket, ses, reňk ýa-da söz bilen beýan edýär. Sungat ussady durmuşa, tebigata, umuman, ähli zada başgaça garaýar. Köp adamyň görüp bilmedik zadyny görýär, duýmadyk zadyny duýýar. Ýaz paslynda ýapragyň ýüzündäki ýekeje damja, gyşda ýagan akja gar, joşup akýan derýa, alyslara uçup barýan durna – şahyr, bagşy-sazanda ýa-da suratkeş üçin ylham çeşmesi bolup bilýär. Sungat ussatlarynyň döredýän eserleri düýbünden tapawutly hem bolsa, olaryň hersiniň aýratyn muşdagy bar. Sebäbi, sungat ussady seredýän zadynda gözelligi görýär. Bu gözelligi bolsa muşdagyna duýgulary bilen bilelikde geçirmegi başarýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Halkara baýraklaryň birnäçesine mynasyp bolan, dürli sazlary we aýdymlary döreden Serdar Haýdarow hem şeýle sungat ussatlarynyň biri. Onuň döreden, tebigat bilen utgaşyp gidýän ýakymly sazyny alyslardan diňleseň hem özüne maýyl edýär. Ussadyň sazyny diňläniňde Garagum sährasynda agyp-dönüp ýören owlak-guzularyň mäleşmesini, çapyp barýan türkmen bedewiniň aýak sesini, gelin-gyzlarymyzyň şaý-sepleriniň şyňňyrdysyny, tebigatyň bezegi bolan guşlaryň saýraýşyny eşidip bolýar, ata-babalarymyzyň gazanan ýeňişleri, taryhy ýadygärliklerimiz, gadymy binagärlik sungatymyz göz öňüňe gelýär. Sebäbi, türkmen aýdym-saz sungatyna özboluşly goşant goşan zehinli kompozitor haýsy gural bilen haýsy sazy çalmalydygyny oňat bilýär. Gazetimiziň şu sanynda belli sazanda-multiinstrumentalist, kompozitor Serdar Haýdarow bilen edilen söhbetdeşligi size ýetirmegi müwessa bildik.
Muşdaklaryňyz sizi multiinstrumentalist hökmünde tanaýarlar. Ilki haýsy saz guralyny çalmagy öwrenipdiňiz we häzir haýsy saz gurallaryny çalyp bilýärsiňiz?
– Men ilki bilen üçünji synpda okaýan wagtym dutar çalmagy öwrenip başladym. Soňra Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebine simfoniki orkestr saz guraly bolan fagot ugry boýunça okuwa girdim. Ol ýerde men gargy tüýdügiň gurnagyna hem gatnaşdym. Maňa halypam Muhammet Saparow gargy tüýdügi tutmagy, nähili üflemelidigini öwretdi. Soňra men özümi özbaşdak ýagdaýda bu ugurda kämilleşdirdim. Okaýan döwrüm esasy saz guralymyň daşyndan gargy tüýdükden hem döwlet synaglaryny tabşyrdym. Şeýlelikde, iki saz guraly boýunça hem döwlet synaglaryndan üstünlikli geçdim. Şol wagtlarda dilli tüýdik hem çalyp başladym. Gargy tüýdügi çalmagy öwrenen wagtym ony kämilleşdirip, has köp ses alar ýaly, tüýdügiň ses alyş ukybyny köpeltdim. Bu onuň bilen islendik sazy çalmaga mümkinçilik berýär. Soňra bolsa 1995-nji ýylda häzirki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girmegim bilen beýleki saz gurallaryna bolan höwesim hem artdy. Şol ýyllar türkmen saz gurallaryna meňzeş bolan Gündogar medeniýetine degişli saz gurallaryny içgin öwrendim. Öz ugrum fagot bolansoň, bu saz guraly bilen meňzeş bolan saksafon, klarnet ýaly gurallary çalmagy hem öwrendim.
Ilkinji döreden eserleriňiz barada gysgajyk gürrüň beräýseňiz?
– Meniň ilkinji döreden aýdymym «Sary ýaprak». Sazyny özüm ýerine ýetirip, şol aýdymy halypalaryma aýdyp berdim. Halypalarym bu aýdyma ýokary baha berip, maňa ak ýol arzuw etdiler.
Üflenip çalynýan saz gurallarynyň tapawutly taraplary barada-da aýdaýsaňyz!
– Gargy tüýdük bilen neý hernäçe meňzeş hem bolsa, olaryň üflenip çalnyşy düýbünden tapawutly. Umumy meňzeşlik bar bolsa-da, hersiniň özüniň üflenişi, tutulyşy başgaça. Her saz guralynyň tapawutly bolşy ýaly, her halkyň ony çalşy hem üýtgeşik.
Öwrenen wagtyňyz kynçylyk çeken saz guralyňyz boldumy?
– Hemmesiniň hem özüne ýeterlik kynçylygy bar. Öwrenmek öz ukybyňa-da bagly. Islendik zada erjel ýapyşmasaň, netije alyp bolmaýar. Mysal üçin, gargy tüýdükden ses almagy öwrenmek üçin aslynda bäş-alty aý gerek bolsa-da, bir hepdede arassa ses almagy öwrenipdim. Bu ýerde ýene bir bellemeli zat, sazy öwrenmek halypa-da bagly. Halypa ökde bolanda, isleg bildirýän şägirdine gysga wagtda öwretmegi hem başarýar.
Sungat ýoluna gadam basmagyňyza kim ýa-da näme sebäp boldy?
– Men sungata ýaşlykdan höwes edip başladym. Telewizordan, radiodan eşiden sazlarymy çalmaga synanyşdym. Halkymyzyň baý medeniýeti we taryhy mende uly buýsanç döretdi. Soňra ýurdumyzda tanalýan ussat halypalar bilen işleşmek nesip etdi. Olaryň saz guralyna ussatlyk bilen erk etmekleri meniň bu sungata bolan söýgimi has-da artdyrdy. Bu bolsa kämilleşmegime itergi berdi.
Haýsy saz guralyny özüňize has ýakyn hasaplaýarsyňyz?
– Meniň ýerine ýetirýän saz gurallarymyň hemmesini hem özüme ýakyn hasaplaýaryn. Haýsyny elime alsam, şonuň bilen arkaýyn «gürleşip», ýürek açyşyp bilýärin. Duýgymy saza geçirip, diňleýjä-de ýetirmäge çalyşýaryn. Inçe duýgy bilen ýerine ýetirilýän saz diňleýji üçin has täsirli bolýar.
Kompozitor hökmünde döreden eserleriňiz barada gysgaça gürrüň beräýseňiz?
– Men birnäçe filmleriň sazyny ýazdym. «Meňli», «Näzli» tans toparlarynyň ussat tansçylary indi birnäçe ýyldan bäri tanslaryny meniň döreden sazlaryma goşup ýerine ýetirýärler. Dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, halkara baýraklaryň birnäçesine mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýerine ýetirýän çykyşlarynyň sazyny, teatrlarda goýulýan spektakllaryň we sahna oýunlarynyň birnäçesiniň sazyny hem ýazdym.
Siz bir sazyň dowamynda birnäçe saz guralynda çalmagy başarýarsyňyz. Söhbedimizi şular dogrusynda dowam edäýeliň!
– Saz barada aýdylanda men bir sazyň dowamynda birnäçe saz guralynda ýerine ýetirmegi gowy görýärin. Sebäbi, bir sazda birnäçe temalar, heňler bolýar. Şol heňleri haýsy saz guralynda ýerine ýetireniňde gelişjekdigini bilip, şol saz gurallaryny ulananyňda has gyzykly bolýar hem diňleňjini ýadatmaýar. Birini gargy tüýdük bilen çalanyňda has ýakymly bolýan bolsa, beýlekisini dutar bilen ýerine ýetirseň ýerine düşýär. Käbir sazy dilli tüýdükde, serdemde, saksafonda, fortepianoda çalasyň gelýär. Saz gurallarynyň haýsysy diňleýjileriň duýgusyna has gowy täsir etjek bolsa, şol guralda çalýaryn.
Sizi döredijilige ruhlandyrýan zat näme?
– Ilki bilen biziň gadymdan galan aýdym-saz mirasymyz maňa ylham berýär. Dutarçy halypalarymyzyň, kompozitorlarymyzyň döreden sazlaryndan, nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň goşgularyndan ylham alýaryn. Galyberse-de, tebigat, pasyllaryň çalyşmagy ylhamyňy joşdurýar. Ýazyň ruhubelentliginiň, tomsuň bolelinliginiň, güýzüň agraslygynyň, gyşyň akja garynyň oýarýan päk duýgulary ylham berýär.
Häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungatynyň ösüşli ýollary barada-da aýdaýsaňyz?
– Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň hem saz çalmagy, döretmegi biz sazandalary, kompozitorlary joşdurýar, ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden döreýän her bir aýdymdyr sazy biz üçin görelde mekdebi bolup, döredijilige bolan höwesimizi artdyrýar. Şonuň esasynda ýurdumyzyň sungat ussatlary mähriban Watanymyzy, tebigatymyzy wasp edýän aýdym-sazlary döredýärler. Men olary lezzet alyp diňleýärin.
Gürrüňimizi milli saz gurallarymyz baradaky söhbet bilen dowam edäýeliň?!
– Baş üstüne! Biziň milli saz gurallarymyzyň her biriniň özüniň artykmaç taraplary bar. Olaryň her biriniň ýerine ýetiriliş usuly, labzy bilen beýan edijilik ukyby bar. Meselem, dutary alyp göreliň. Dutaryň owazyndan atyň çapyp barşyny ýa-da gelin-gyzlarymyzyň dakynýan şaý-sepleriniň gözelligini duýup bolýar. Gargy tüýdügi çalanyňda Garagum sähramyz, gadymy ýadygärliklerimiz, binagärlik sungatymyz göz öňüňe gelýär. Gyjak saz guralynyň zaryn owazy bar. Bu saz guraly geçmişde halkymyzyň nähili kynçylyklary ýeňip geçendigini ýatladýar. Dilli tüýdügiň sesini eşidenimizde çopan goşy, giň sährada bökjekleşip ýören owlak-guzular ýadyňa düşýär. Dilli tüýdüge aslynda çopan tüýdügi hem diýilýär. Ýöne häzirki döwürde dilli tüýdükde dürli sazlary professional derejede ýerine ýetirip bolýar. Umuman aýdanymyzda, her saz guralynyň öz häsiýeti bar. Halkyň göwnünden turjak aýdym-sazlary döredip, olary halka ýetirmek üçin saz gurallaryny ýerlikli ulanmaly.
Türkmen sazynyň dünýä sungatyndaky ornuna nähili baha berýärsiňiz?
– Milli saz gurallarymyzda gadymdan bäri ýerine ýetirilip gelinýän sazlarymyzy dünýä saz sungatynyň iň gymmatly hazynasy hasaplaýaryn. Maňa dünýäniň köp ýurtlarynda aýdym-saz konsertlerine, festiwallaryna gatnaşmak miýesser etdi. Şol ýurtlara baranyňda, olaryň käbirinde öz folklorynyň ýokdugyny görýärsiň. Köp milletlerde nusgawy sazlar we saz gurallary kämilleşen hem bolsa, milli saz gurallary unudylan ýagdaýda. Elbetde, muňa gynanýarsyň. Biziň ýurdumyzda bolsa milli saz gurallarymyzyň has ösen derejededigine, bu saz gurallary bilen döwrebap aýdymlaryň ýerine ýetirilýändigine begenýärsiň. Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiziň gadymdan galan milli saz gurallarymyzyň kämilleşdirilmegine, olaryň halka ýetirilmegine giň mümkinçilik döredendigini aýratyn bellemek isleýärin.
Sungat älemine ilkinji ädim äden ýaşlara berjek maslahatlaryňyz?
– Ilki bilen höwesi bolmaly. Şeýle hem kämil derejede ýerine ýetirilen sazlary we aýdymlary köp diňlemeli. Sungat äleminde üstünlik gazanmak üçin ukyp hem gerek, ýöne sungat köp zähmet talap edýär. Islendik saz guralyny çalmagyň kynçylyklary bar. Entek bu işe täze başlan wagtyň «Men näme üçin gowy saz çalyp bilemok» diýip ruhdan düşmeli däl. Hernäçe höwesiň bar hem bolsa zähmet siňdirmän, netije alyp bolmaýar.
Ýetişdirýän şägirtleriňiz barmy?
– Ýaşlara gargy tüýdük çalmagy öwredýärin. Olaryň birnäçesi dürli ýaryşlarda ýeňiji boldular.
Geljekde nähili eserleri döretmegi göz öňüne tutýarsyňyz?
– Häzirki wagtda ýurdumyzy, milli buýsançlarymyz bolan halylarymyzy, bedewlerimizi wasp edýän sazlaryň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlarynda ýerine ýetirilmeli täze sazlaryň üstünde işleýärin.
Siz saz döretmek, çalmak we aýdym aýtmak bilen meşgullanýan halypa hökmünde özüňize haýsy ugry has ýakyn hasap edýärsiňiz?
– Meniň aýdym-saz döredenimde-de, ýerine ýetirenimde-de öz äheňim bar. Bularyň ählisi hem meniň ýüregime ýakyn.
Geçen ýyl size Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty nesip etdi. Başga haýsy baýraklara we sylaglara mynasyp bolduňyz?
– 2008-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda meşhur estrada ýyldyzlarynyň arasynda geçirilen «Çolpon Ýyldyz» atly halkara aýdym-saz bäsleşiginiň Gran-pri baýragyna, başga-da birnäçe Halkara aýdym-saz festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. ABŞ-da, Italiýada, Beýik Britaniýada, Norwegiýada, Germaniýada, Şweýsariýada, Fransiýada, Türkiýede, Hindistanda, Hytaýda geçirilen konsertlere gatnaşdym. Elbetde, her ýurduň sungatynyň özboluşly aýratynlygy bar. Olaryň aýdym-sazlaryny diňläniňde, folklor çykyşlaryna tomaşa edeniňde dünýägaraýşyň has-da giňeýär.
Halypa, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin okyjylarymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys! Döredijilik äleminde üstünlik, maşgala durmuşyňyzda-da bagtyýarlyk hemraňyz bolsun!
– Sag boluň! Men hem «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda täze ajaýyp sazlary döredip, halkymyza gyzgyny bilen ýetirjekdigime ynandyrasym gelýär. Sebäbi, asuda, parahat Watanymyzyň waspyny ýetirmek her bir sungat işgäriniň mukaddes borjy. Şu pursatdan peýdalanyp, medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklary arzuw edýärin!
Söhbetdeş bolan Amanmyrat Baýmyradow, «Zaman-Türkmenistan».