Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap mekdepler, sport toplumlary, dynç alyşdyr döredijilik merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär. Okamaga, döretmäge, hünärli bolmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Yzygiderli amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, tehnologiýalardan baş çykarýan ukyply ýaşlary ýetişdirmäge oňaýly täsir edýär. Milli bilim ulgamyny ösdürmek, ony dünýä derejelerine çykarmak, sanly ulgama geçmek baradaky aladalar öz ajaýyp miwelerini berýär. 2020-2021-nji okuw ýylynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň işgärleriniň ünsüni çekip, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine örän ünsli bolmalydygyny ýatladýar. Şeýle bolansoň, biziň wezipämiz çagalaryň saglygyny ýangyn howpundan gorap saklamakdan, mekdeplerde, çagalar baglarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ygtybarly üpjün etmekden, olaryň her bir işgäriniň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bilmegi üçin degişli işleri geçirmekden, şeýle-de şol düzgünleriň doly, dogry ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmekden ybarat bolup durýar. Bilim edaralarynyň işgärleri ýaş nesle ýangynyň öňüni almak boýunça bilim berilmegi barada döwlet ähmiýetli işleri amala aşyrýarlar. Çünki seresaply bolmak endiklerini öwretmek, ozaly bilen ýaş nesilleriň ömrüni, saglygyny goramak ugrundaky göreşdir. Mugallymlardyr terbiýeçiler ýangyn hadysasy dörän pursatynda okuwçylary, çagalary halas etmek, ýangyny söndürmek boýunça özüne bagly ähli zerur, gaýragoýulmasyz çäreleri görmelidirler. Şonuň üçin ýangyn hadysasy dörände okuwçylary, çagalary, maddy gymmatlyklary halas etmegiň, ýangyna garşy göreşmegiň meýilnamasy işlenip düzülmeli. Mekdeplerde okuwçylardan ýaş ýangyn söndüriji toparlar döredilmeli. Mekdeplerdir çagalar baglary hapa zir-zibillerden, esasan hem, howanyň yssy günleri guran haşal otlardan öz wagtynda arassalanmaly, guran haşal otlaryny mekdepleriň, çagalar baglarynyň çäklerinde ýakmak talabalaýyk däldir. Mekdepleriň binadyr desgalarynyň ätiýaçlyk çykalgalary elmydama açyk ýagdaýda saklanmalydyr.
Jaýlaryň, desgalaryň golaý ýerine ýangyn söndüriji awtoulaglaryň barmagy üçin niýetlenen ýollarda, şol awtoulaglara päsgelçilik dörediji germewleriň, derwezeleriň goýulmagy talabalaýyk däldir. Jaýlaryň ýangyna garşy araçäklerinde, boşluklarynda ýanyjy materiallaryň saklanmagyna ýol berilmeli däldir. Ätiýaçlyk çykalgalaryň öňüne adamlaryň geçmekligine päsgelçilik dörediji goşlaryň goýulmagy gadagan edilýär. Geçelgeleriň, basgançaklaryň aşagy hemişe boş saklanyp, ýanyjy materiallaryň basylmagyna ýol berilmeli däldir. Okuw-tejribe ussahanalarynda, laboratoriýalarda ýangyn howpsuzlyk düzgünnamasynyň kadalary berk berjaý edilip, okuw sapaklary geçirilenden soň, ýanyjy maddalar, jisimler howpsuz demir şkaflara ýygnalyp, beýleki hapa galyndylardan doly arassalanmalydyr. Agaç ussahanalarynda bir günlük işlär ýaly agaç ätiýaçlygyndan artyk saklanmagyna ýol berilmeli däldir. Her gün okuw dersleri gutarandan soň, mugallymlar, ussalar ýa-da ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine jogapkär adamlar synp otaglaryny, ussahanalary, laboratoriýalary jikme-jik gözden geçirip, ýangyn hadysasyna getirip biläýjek kemçilikleri düzedip, aradan aýyrmaly. Synp otaglarynda partalar gapylary beklemez ýaly edilip ýerleşdirilmeli. Ýatylýan otaglarda, çagalaryň oýnaýan otaglarynda ütük, şeýle-de elektrik gyzdyryjylardan peýdalanylmaly däldir. Elektrik tok geçirijilerini çüýden asmak, elektrik setiniň goraýjysyna bölek sim sarap ulanmak arkaly elektrik togyndan peýdalanmak ýangynyň döremegine sebäp bolup bilýär. Mekdepleriň, çagalar baglarynyň köp gatly jaýlarynda kiçi ýaşly çagalar birinji gatda ýerleşdirilmeli. Mekdepler, çagalar baglary zerur bolan ilkinji ýangyn söndüriji, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmeli. Ýangyna garşy daşky merduwanlar elmydama abat ýagdaýda saklanmaly. Ýangyna garşy içerki suw beketleri elmydama düzüw, işjeň ýagdaýda bolmaly. Köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde umumy ýagtylandyryjy çyralary öçürmek talabalaýyk däl. Çagalar baglarynda, mekdeplerde diwarlara ýanyjy bezeg önümleriniň örtülmegi gadagan edilýär. Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny ähli terbiýeçiler, mugallymlar, şeýle-de beýleki işgärler bilelikde öwrenmeli. Täze işe kabul edilýän işgärleri mekdeplerde, çagalar baglarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplary, ýangyn dörän halatynda öz etmeli işleri bilen tanyşdyrmaly.
Gündogdy Hudaýberdiýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň
101-nji Harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk
bölüminiň gözegçisi, içerki gullugyň leýtenanty.