Heops piramidasynyň eteginden tapylan zatlary öwrenýän Müsüriň we Ýaponiýanyň halkara alymlar topary näbelli maksat üçin niýetlenen demir böleklerini ýüze çykardylar diýip, “The History Blog” habar berýär. 1980-nji ýyllarda Heops piramidasynyň etegindäki gizlin ýerde ýüze çykarylan “Gün gaýygy” barlagdan geçirilýärkä, şeýle açyşyň üstünden bardylar. Gämi bozulan ýagdaýda saklanyp galypdyr. 2011-nji ýylda arheologlar zerur granty alyp, gämini ýygnamak maksady bilen ýeriň ýüzüne çykaryp başladylar. Metaldan ýasalan bölekler olar üçin garaşylmadyk ýagdaý bolup, olaryň nämä niýetlenilendigi häzirlikçe belli däl.
Pürsleriň biriniň ýüzünde gaňyrçaklaryň yzy bar. Alymlar olaryň gäminiň gyrasynyň sürtülmesiniň öňüni almak üçin niýetlenendigini öňe sürýärler. Olar onuň agaçdan edilen gaýygyň gyrasynyň sürtülmesiniň öňüni almakda ulanylýan kürek berkitmesiniň bir böleginiň bolup biljekdigini hem çak edýärler. Bu pikiriň dogry bolmagynyň mümkindigine garamazdan, arheologlar häzirlikçe gutarnykly netijä gelmäge howluganoklar.
Olar mundan ozal, beýle zada gabat gelmändiler. Gürrüň 1954-nji ýylda Heopsyň başga bir gizlin otagyndan ýüze çykarylan “Gün gaýygy” barada barýar. Şonda ol ýerden müňden gowrak parçalar çykarylyp, ýygnamak üçin 13 ýyl töweregi wagt gerek boldy. Häzir gämi hemmeleriň görmegi üçin sergä goýuldy. Ol büs-bütin liwan kedrinden we Müsür akasiýasyndan ybarat bolup, onda metaldan edilen parçalar ýok.
Ikinji gaýyk birinji gaýygyň kiçeldilen nusgasyna çalym edýär. Geň ýeri bu metal bölegi diňe bir pürsden tapyldy. Eger-de, ol gaýygyň gyrasynyň kürek berkitmesi hökmünde ulanylan bolsa, şeýle pürs iki bolmaly. Şeýle bolsa-da, ikinjisiniň heniz tapylmandygyny aradan aýryp bolmaz. Ikinji gaýygy ýygymdan soňra, Heopsyň piramidasynda ýerleşýän pawilonda goýmagy meýilleşdirýärler.