Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun Ýewropa ýurtlarynda saparda boldy. Ol bu saparynyň barşynda Ženewada (Şweýsariýa), Bernde (Awstriýa), Brýusselde (Belgiýa) we Rimde (Italiýa) birnäçe duşuşyklar geçirdi. Pan Gi Mun 5-nji oktýabrda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Owganystan meselesi boýunça halkara maslahata gatnaşdy. BMG-niň Baş sekretary Ženewada Halkara Gyzyl haç komitetiniň ýolbaşçysy Peter Maurer bilen duşuşdy. Bu duşuşykda dünýäniň dürli ýurtlaryna iberilýän ynsanperwer kömekleri barada pikir alyşdylar. Ženewa Baş sekretaryň Ýewropa saparyndaky ilkinji şäheri boldy. Bu ýerden ol Awstriýanyň Bern şäherine gitdi. Soňra Brýussel şäherinde birnäçe duşuşyklary geçiren Pan Gi Mun bu ýerde halkara maslahata gatnaşdy. Bu halkara foruma 70 döwletden hem-de 30 halkara guramadan wekiller gatnaşdy. Onda Owganystanyň hökümeti ýurduň geljegi hem-de amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamasy barada hasabat berdi.