Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şu ýylyň 28-30-njy sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda döwlet saparynda boldy. Bu saparyň çäklerinde 11 milliard dollara golaý ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekildi. Bu barada habarçylara Belarusyň Hytaýdaky ilçisi Kirill Rudyý habar berdi.
– Iki ýurduň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň umumy bahasy 11 milliard dollara golaýlaýar. Olary özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda durmuşa geçirmek gerek – diýip, ilçi gürrüň berdi. Döwletleriň arasyndaky ylalaşyklar 4 topara bölünýär: syýasy, maýa goýum, söwda we ynsanperwer.
Ilçiniň aýtmagyna görä, maýa goýum ylalaşyklary esasynda iki ýurduň arasynda täze karz şertnamalaryna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da iki ýurduň hususy kompaniýalarynyň arasynda bilelikdäki önümçilik kärhanalaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şonuň çäklerinde Hytaýyň bazaryna Belarusyň et we süýt önümlerini ýerlemek maksat edinilýär. Şeýle hem Hytaý bilen Belarusyň arasynda bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasy döredildi we onuň çäklerinde hytaýly jahankeşdeleriň Belarusa gezelenje gelmekleri ýola goýlar.
Mundan başga-da şu ýylyň 4-6-njy oktýabry aralygynda Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Pakistan Yslam Respublikasynda saparda boldy. Ol bu saparyň barşynda Pakistanyň Prezidenti Mamnun Huseýn, Premýer-ministri Nawaz Şarif bilen gepleşikler geçirdi. Belarusyň Prezidenti bu saparyň çäklerinde Yslamabad şäherinde belarus-pakistan işewürler we maýa goýum forumyna gatnaşdy.