Şu ýylyň 3-nji oktýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasy esasy baýramçylygy – ýurduň birleşen gününi belläp geçdi. German birliginiň gününiň 26 ýyllygy uly dabaralara beslendi. 1990-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Germaniýa Demokratik Respublikasynyň 5 ýer bölegi – Brandenburg, Meklenburg-Perednýaýa Pomeraniýa, Saksoniýa, Saksoniýa-Anhalt we Týuringiýa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň düzümine goşuldy.
Şu ýylky baýramçylyk dabaralarynyň merkezi hökmünde Drezden şäheri saýlanyp alyndy. Ol Saksoniýa ýer böleginiň merkezi şäheridir. Bu ýerdäki dabaralara ýurduň Prezidenti Ýoahim Gauk, Federal Kansleri Angela Merkel, Bundestagyň (parlament) ýolbaşçysy Norbert Lammert we beýleki ýolbaşçylar gatnaşdy. Zemper opera teatrynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda dürli çäreler geçirildi.
Ýurduň baş baýramyna bagyşlanan dabaralar geçen hepdäniň şenbe güni başlandy. Şäherde dürli medeni çäreler, konsertler geçirilýär. 3-nji oktýabr gijesinde lazer yşyklary bilen görkezilen dabaralar köpüň ünsüni çekdi. 3 günüň dowamynda baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin 750 müňe golaý adam geldi.
Germaniýanyň birleşen gününi 9-njy noýabrda bellemek göz öňünde tutulypdy. Ýöne ol 3-nji oktýabr hökmünde saýlanyp alyndy. 1990-njy ýylyň şol güni Germaniýanyň Federatiw Respublikasy bilen Germaniýanyň Demokratik Respublikasy birleşdi.