Pri­bal­ti­ka döw­let­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Es­to­ni­ýa­da tä­ze Pre­zi­dent saý­lan­dy. Ýur­duň par­la­men­tin­de (Riý­gi­ko­gu) ge­çi­ri­len saý­law­da ýe­ke-täk da­laş­gär bo­lan Es­to­ni­ýa­nyň Ýew­ro­pa ha­sap­la­ýyş ko­mis­si­ýa­sy­nyň we­ki­li Kers­ti Kal­ýu­laý­dyň da­laş­gär­li­gi gol­da­nyl­dy. Ol bu we­zi­pä saý­la­nan il­kin­ji ze­nan maş­ga­la bol­dy.
Ýur­duň par­la­men­ti­niň dü­zü­min­dä­ki 101 de­pu­ta­tyň 81-si Kers­ti Kal­ýu­laýd üçin ses ber­di. Bu ses gö­te­ri­mi onuň ýur­duň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­lan­ma­gy üçin ýe­ter­lik bol­dy. Es­to­ni­ýa­da Pre­zi­dent saý­la­wy mil­li par­la­men­tiň dü­zü­min­dä­ki de­pu­tat­la­ryň ses ber­me­gi ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry­nyň üç­den iki bö­le­gi­niň gol­da­wy­na my­na­syp bo­lan da­laş­gär ýur­duň döw­let baş­tu­tan­ly­gy­na saý­lan­ýar.
Es­to­ni­ýa­da bu ge­zek­ki Pre­zi­dent saý­la­wy üçün­ji ge­zek­de ama­la aşy­ryl­dy. Mun­dan ozal­ky, 2 ge­zek ge­çi­ri­len saý­law­da ga­ra­şy­lan ne­ti­je ga­za­nyl­ma­dy.
Ýur­duň tä­ze saý­la­nan döw­let baş­tu­ta­ny Kal­ýu­laýd soň­ky 12 ýy­lyň do­wa­myn­da Lýuk­sem­burg­da­ky Ýew­ro­pa­nyň ha­sap­la­ýyş pa­la­ta­syn­da öz ýur­du­na we­kil­çi­lik et­di. Ol hü­nä­ri bo­ýun­ça bio­log. 46 ýa­şyn­da­ky Kal­ýu­laý­dyň 4 ça­ga­sy bar. 1990-njy ýyl­lar­da ol Es­to­ni­ýa­nyň “Han­sa­bank” ban­kyn­da iş­le­di. Şol ýer­den ozal­ky Prem­ýer-mi­nistr Mar­ta Laa­ra­nyň to­pa­ry­na go­şul­dy we yk­dy­sa­dy­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça mas­la­hat­çy bol­dy.
2002-nji ýyl­da ol Irusk elekt­ro be­ke­di­niň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne bel­len­di. Şon­dan 2 ýyl soň­ra Ýew­ro­pa­nyň ha­sap­la­ýyş pa­la­ta­sy­na wekilçilik etdi.

Es­to­ni­ýa­nyň döw­let baş­tu­tan­la­ry
Es­to­ni­ýa­da Pre­zi­dent 5 ýyl möh­le­te saý­lan­ýar. Bu ge­zek­ki saý­law­la­ryň ne­ti­je­sin­de saý­la­nan tä­ze baş­tu­tan Es­to­ni­ýa­nyň ta­ry­hyn­da­ky 5-nji döw­let baş­tu­ta­ny­dyr. 1991-nji ýyl­da ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan­dan soň­ky 4-nji ýolbaşçysy­dyr. Es­to­ni­ýa­nyň bi­rin­ji Pre­zi­den­ti 1938-nji ýyl­da Kons­tan­tin Pýats bol­ýar. Ol 6 ýyl möh­le­te saý­la­n­ýar, ýö­ne 2 ýyl­dan soň­ra Es­to­ni­ýa ozal­ky SSSR-iň dü­zü­mi­ne go­şul­ýar. Ýurt­da Pre­zi­dent we­zi­pe­si tä­ze­den 1992-nji ýyl­da dö­re­dil­ýär. Şol ýyl Len­nart Me­ri bu we­zi­pä saý­la­nyp, 2 möh­le­te bel­le­n­ýär. 2001-nji ýyl­da Ar­nold Rýuý­tel bu we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge hu­kuk ga­zan­ýar. 2006-njy ýyl­da prezidentlige Too­mas Hend­rik Il­wes saý­la­n­ýar. Şon­dan bä­ri ol bu we­zi­pe­de iş­läp gel­ýär.