Günbatar Afrikada ýerleşýän ada döwleti bolan Kabo-Werdede geçen hepdäniň dynç güni Prezident saýlawlary geçirildi. Şonuň netijesinde, häzirki döwlet Baştutany Žorži Karluşa Fenseka täzeden bu wezipä saýlandy. Bu barada “AFP” habarlar gullugy habar berýär.
Ýurduň hökümetiniň ýaýradan maglumatyna görä, Fonseka saýlawçylaryň 73 göteriminiň sesini aldy. Onuň esasy bäsdeşi Albertin Gras sesleriň bar-ýogy 22 göterimini eýeledi. Bu ugurda üçünji Žoakim Monteýra boldy. Ol 3 göterim ses aldy.
Saýlawa halkara synçylar topary hem gatnaşdy. Olaryň hatarynda Afrika Bileleşiginden hem-de Günbatar Afrika sebitiniň ykdysady jemgyýetinden wekilleri bar.
Ýurduň kanunçylygyna görä, prezident döwlet özygtyýarlygynyň, territorial bitewüliginiň we konstitusion tertibiň kepilidir hem-de ýurduň ýaragly güýçleriniň serkerdebaşysydyr. Ol halkara arenada öz ýurduna wekilçilik edýär.
Prezident Fonseka 1950-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda San-Wisenti adasynyň Mindela şäherinde dünýä inýär. Ol Portugaliýadaky Lissabon uniwersitetinde hukuk ugry boýunça bilim alýar. Hukuk ylymlarynyň doktory. Köp ýyllaryň dowamynda mugallymçylyk edýär hem-de syýasy ugurlarda işleýär. 1991-1993-nji ýyllar aralygynda ýurduň daşary işler ministri bolýar.
Hukuk we syýasat ugry bilen bir hatarda, poeziýa bilen hem meşgullanýar. Goşgy ýazýar we birnäçe goşgylar ýygyndysynyň awtorydyr. Şeýle hem ol futbol oýnamagy we kino tomaşa etmegi halaýar.