Paýtagt Berlinde takmynan 1700 köpri bar. Bu san kanallary we köprüleri bilen meşhur bolan Wenesiýadan has köp.

Dünýädäki iň uly haýwanat bagy paýtagt Berlinde. Ýurduň çäginde 400-den gowrak haýwanat bagy bar. Akwariumlary, ýabany tebigaty we guşly seýilgählerini sanasak, bu san 700-e ýetýär.

Germaniýa Ýewropanyň iň uly ykdysadyýeti we dünýäde dördünji orunda durýar. Ýurduň ýyllyk girdejisi, takmynan 4 trillion dollar.

Medeniýet we sungat çäreleri boýunça Germaniýa beýleki ýurtlardan öňde durýar. Ýurtda 6 müň 200 muzeý, 820 teatr, 130 hünärmen orkestr we 8 müň 800 kitaphana bar.

Germaniýa iň köp neşir işleriniň alnyp barlyşy, okamagy söýýän halkdygyny görkezýär. Bu ýerde her ýyl 94 müň täze kitap çap edilýär. Dünýäde ilkinji žurnal şu ​​ýerde çap edildi. Ilkinji çaphana hem Germaniýada döredildi.

Aýlar ERNEPESOWA,

Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.