Bu gezek Powetkin ýeňildi

200
*** FREE FOR EDITORIAL USE *** Alexander Povetkin v Dillian Whyte, Interim WBC Heavyweight World Title. 27 March 2021 Picture By Mark Robinson Matchroom Boxing Dillian Whyte knocks down Alexander Povetkin.

Gibraltar döwletinde geçirilen boks agşamynda agyr agramyň WBC çempionlyk guşagy ugrunda britaniýaly Dillian Waýt bilen russiýaly Aleksandr Powetkin duşuşdy. Bu olaryň arasyndaky ikinji tutluşyk bolup, geçen ýylyň awgust aýyndaky duşuşykda Powetkin 5-nji raundda nokaut bilen ýeňiş gazanypdy. Ýöne bu gezekki tutluşykda 32 ýaşyndaky Waýt 4-nji raundda güýçli urgulardan soň Powetkini nokaut etmegi başardy. Şeýlelikde, Waýt WBC-niň agyr agram boýunça wagtlaýyn çempiony boldy. Bu onuň 30-njy duşuşygynda 28-nji ýeňşidir (19-njy nokaudy). 41 ýaşyndaky Powetkin bolsa, 40-njy duşuşygynda 3-nji sapar ýeňlişe sezewar boldy. Onuň 25-si nokaut bilen jemi 36 ýeňşi bar.