Pilotsyz howa ulaglary köplenç önümlerine köpçüligiň ünsüni çekmek isleýän kompaniýalar tarapyndan tanyşdyrylyş dabaralarynda ýa-da reklama üçin hem ulanylýar. “Hyundai’s Genesis” brendi hytaý bazaryna girişini uly dabara bilen bellemek kararyna geldi. Şanhaýda öz nyşanyny we beýleki suratlaryny görkezmek üçin 3 281 dron ulanylyp, howadaky iň köp pilotsyz uçar hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Öňki rekord “Shenchzhenen Damoda” şereketine degişlidi. Intellektual dolandyryş tehnologiýalaryny işläp taýýarlaýan bu kompaniýa 2020-nji ýylyň sentýabrynda 3 051 pilotsyz uçary bir wagtda uçurypdy. Ondan birnäçe gün ozal Russiýada birbada 2200 dron uçurylyp rekord goýupdy. Pilotsyz görkezişler, adatça, dronlaryň belli bir şekilleri we logotipleri düzmek, bellenen ugurda hereket edip howada dürli şekilleri emele getirmek, bu täsirli çykyşlar ýerine ýetirilende bir-birlerine çakyşmazdan, amala aşyrmak ukybyny görkezýär. Bu örän çylşyrymly hereketler kompýuter programmasy tarapyndan işlenip düzülýär.