Şu gün dünýä sportunyň iň uly guramaçylygy bolan tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilip başlanyna 125 ýyl dolýar. Mundan 125 ýyl ozal şu gün, ýagny 1896-njy ýylyň 6-njy aprelinde Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherinde ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berilýär. Ilkinji Olimpiada 14 ýurtdan 241 (ählisi erkek) türgen gatnaşýar. Olar sportuň 9 görnüşi (ýeňil atletika, welosport, fehtowaniýa, gimnastika, nyşana ok atmak, suwda ýüzmek, tennis, agyr atletika, göreş) boýunça özara 43 bäsleşik geçirýärler. Ýurduň şasy George I tarapyndan açylan ilkinji Olimpiýa oýunlary 15-nji aprelde tamamlanýar. Olimpiýa oýunlarynyň açylyş hem-de jemleýji dabaralary, şol sanda käbir bäsleşikler “Panathenaic” stadionynda geçirilýär.
Medal sanawynda amerikalylar bilen ýer eýeleriniň arasynda ýiti göreş bolup, myhmanlar altyn medallarda 1 san artykmaçlyk görkezýärler. ABŞ 11 altyn, 7 kümüş, 2 bürünç, jemi 20, grekler 10 altyn 18 kümüş, 19 bürünç jemi 47 medal gazanýarlar. Germaniýadan baran türgenler 6 altyn medal bilen 3-nji ýeri eýeleýärler. Şeýle-de amerikaly ýeňil atletikaçy (üçürdikläp bökmek) Jeýms Konnolli häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji çempiony hökmünde adyny taryha altyn harplar bilen ýazdyrýar.
Ine, şol ilkinji Olimpiýa oýunlaryndan bäri 32 tomusky Olimpiada geçirildi. Halkara Olimpiýa komitetiniň garamagynda her 4 ýyldan bir gezek geçirilýän Olimpiada 1916-njy, 1940-njy we 1944-nji ýyllarda uruş sebäpli geçirilmedi. 33-nji Olimpiýa oýunlary-da, ýagny geçen ýyl guralmaly Tokio 2020 Olimpiadasy hem kowid 19 sebäpli şu ýyla geçirilipdi.
Fransiýaly ylym işgäri Pier de Kuberteniň tagallasy bilen başlan Olimpiýa oýunlary sportuň iň uly çäresi hasaplanýar.