Geçen ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli kompýuter we telefon arkaly ýerine ýetirip bolýan işler üçin “öýden işlemek” usuly ýola goýlupdy. Bu usul täze tejribeleriň toplanmagyna, köp çykdajynyň öňüniň alynmagyna hem sebäp boldy. Ýygnaklar onlaýn programmalar arkaly geçirildi. Şeýle bolansoň, köp kompaniýa bu usuly pandemiýadan soňra hem dowam etdirmegi maksat edinýär. Muňa işgärler hem öwrenişdi. Dünýäniň birnäçe ýurdunda şahamçasy bolan Angliýanyň HSBC banky telefonlara jogap berýän işgärleriniň öýden işlemeklerini pandemiýadan soňra yzygiderli ýagdaýa getirmäge taýýarlyk görýär. Bank Beýik Britaniýada telefonlara jogap berýän işgärleriniň 1200-den gowragyna işlerine öýlerinden çykman dowam edip biljekdiklerini habar berdi. Bankyň bu bölüminde 1800 töweregi işgär bar. Bu işgärleriň 70 göterimi ofise barmazdan işlemek isleýändiklerini mälim etdi. Ýurduň ýene bir iri banky “Standard Chartered” global derejedäki işgärleriniň ählisine çeýe iş düzgünini ýola goýandyklaryny mälim etdi. Işgärleriň 84 göterimi öýüň hem-de ofisiň bilelikde ulanylýan garyşyk iş düzgünine geçmek isleýändiklerini mälim etdi.