Dag ger­şi­ne çy­kar. Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ja­pa­row ÝU­NES­KO-nyň baş­ly­gy Od­re Azu­la­ýy ýurt­da­ky buz­luk­la­ryň ýag­da­ýy bi­len ta­nyş­ma­ga ça­gyr­dy. Bu ba­ra­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. 2006-njy ýyl­da ÝU­NES­KO diý­lip at ber­len be­lent­lik Mer­ke­zi Týan-Şan­da ýer­leş­ýän Sa­ry-Jaz dag ger­şi­niň bir bö­le­gi­dir. Onuň be­lent­li­gi 5063 met­re deň. Od­re Azu­laý şu ýyl ýur­da ba­ryp gör­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul et­di we sa­pa­ry­ny da­ga çyk­mak bi­len ut­gaş­dyr­ma­gy makullady.

Ka­na­ly­ gi­ňelt­mek me­ýil­leş­diril­ýär. Su­es ka­na­ly­nyň ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Osa­ma Ra­bia, gä­mi ka­na­ly­ny gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň öw­re­nil­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Or­ta­ýer deň­zi bi­len Gy­zyl deň­zi­ni bir­leş­dir­ýän Su­es ka­na­ly­nyň umu­my uzyn­ly­gy hä­zir­ki wagt­da 193,3 ki­lo­met­re, çuň­lu­gy 24 met­re deň bo­lup, dün­ýä­dä­ki iň uly gä­mi­le­re, şol san­da ne­bit tan­ker­le­ri­ne geç­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Su­es ka­na­ly 1869-njy ýy­lyň 17-nji no­ýab­ryn­da ýük da­şa­mak üçin açyl­dy. Port-Sa­id we Su­es onuň esa­sy port­la­ry­dyr.

Stiw Job­suň an­ke­ta­sy sa­tyl­dy. «Char­ter­fields» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň auk­sio­nyn­da «App­le»-iň esas­lan­dy­ry­jy­sy Stiw Job­suň işe ýer­leş­mek üçin dol­du­ran an­ke­ta­sy sa­tyl­dy. Nä­bel­li aly­jy onuň üçin 162 müň funt (tak­my­nan 222 müň dol­lar) tö­le­di. Gel­jek­ki mil­li­ar­de­riň 1973-nji ýyl­da ga­lam bi­len dol­du­ry­lan an­ke­ta­syn­da komp­ýu­ter­ler we kal­kul­ýa­tor­lar bi­len iş­le­mek­de tej­ri­be­si­niň bar­dy­gy ýa­zy­lyp­dyr. 1974-nji ýyl­da Jobs «Ata­ri» kom­pa­ni­ýa­syn­dan iş tap­ýar. Ol iki ýyl­dan soň «App­le»-i esas­lan­dyr­ýar.

Yk­dy­sa­dy­ýe­ti öser. Bü­tin­dün­ýä ban­ky 2021-nji we 2022-nji ýyl­lar­da Rus­si­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi ba­ra­da­ky çak­la­ma­ny tä­ze­den göz­den ge­çir­di. Hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­sy­nyň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, şu ýyl ösüş 2,9 gö­te­rim bo­lup bi­ler. «Pan­de­mi­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­te tä­si­ri kem-kem­den azal­ýar­ka ösü­şiň 3,2 gö­te­ri­me çen­li art­ma­gy bi­len 2022-nji ýyl­da di­ke­li­şe ga­ra­şyl­ýar» diý­lip be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär. Ýan­war aýyn­da Yk­dy­sa­dy ösüş mi­nistr­li­gin­de Rus­si­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň şu ýyl 2,6 gö­te­rim, in­di­ki ýyl bol­sa 3 gö­te­rim ös­jek­di­gi bel­le­nip­di.

Sport ar­ka­ly bi­lim bo­ýun­ça sam­mit. 3-6-njy ap­rel ara­ly­gyn­da Ma­rok­ko­da we bi­r­nä­çe Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da sport ar­ka­ly bi­lim bo­ýun­ça bi­rin­ji sam­mit gu­ral­dy. Bu sam­mit spor­ty ösüp bar­ýan ýurt­lar üçin ze­rur­ly­ga öwür­me­gi mak­sat edin­ýär. Mas­la­hat­da bi­li­mi, yk­dy­sa­dy we so­si­al in­teg­ra­si­ýa­ny, müm­kin­çi­lik­le­riň deň­li­gi­ni we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün edi­ji hök­mün­de spor­ty ös­dür­mä­ge äh­li mil­li, se­bit we glo­bal eda­ra­la­ryň ta­gal­la­la­ry­nyň bi­rik­di­ril­me­gi­ne ça­gy­ryş edil­di.

Ar­heo­log­la­ryň tä­ze açy­şy. Tür­ki­ýe­de ar­heo­log­lar grek we rim dö­wür­le­rin­de Smyr­na şä­he­ri­ni gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry bi­len üp­jün et­mek üçin iş­jeň ula­nyl­an daş kar­ýe­ri­ni tap­dy­lar. Bu ýer Iz­mir şä­he­rin­den ta­py­lyp, dört ýyl­lap ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­si bol­dy. Ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ýol­baş­çy­sy Akin Er­so­ýyň pi­ki­ri­çe, ga­dy­my dö­wür­de Smyr­na şä­he­ri şu ýer­de ýer­le­şip, ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len meş­hur bo­lup­dyr. In­di ar­heo­log­lar onuň bir sy­ry­ny aç­dy­lar. Olar ga­dy­my şä­he­ri me­ýil­leş­di­ri­ji­le­riň gur­lu­şyk üçin daş­la­ry ni­re­den alan­dyk­la­ry­na göz ýe­tir­di­ler.

Wi­deo oýun kart­ri­ji sa­tyl­dy. ABŞ-nyň «He­ri­ta­ge» auk­sio­nyn­da wi­deo oýun kart­ri­ji «Su­per Ma­rio Bros» sa­tyl­dy. Onuň üçin aly­jy re­kord muk­dar­da 660 müň dol­lar goý­dy. Bu ba­ra­da auk­si­on öýü­niň be­ýa­na­tyn­da aý­dyl­ýar. Onuň ba­ha­sy öň­ki re­kor­dy tä­ze­le­di. 2020-nji ýyl­da nä­bel­li bir aly­jy «Su­per Ma­rio Bros»-yň nus­ga­sy üçin 114 müň dol­lar tö­läp­di. Sa­ty­lan kart­rij abat sak­la­nyp­dyr. Ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri wi­deo oý­nu­nyň Täze ýyl sow­ga­dy hök­mün­de sa­tyn al­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di­ler.

Go­wak­dan ta­py­lan yz­lar. Wýet­na­myň Ar­heo­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň iş­gär­le­ri ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Doý go­wa­gyn­da bar­lag ge­çirip, tak­my­nan, 10 müň ýyl mundan ozal bu ýer­de ýa­şap ge­çen adam­la­ryň yz­la­ry­ny tap­dy­lar. Tak­my­nan, 200 ine­dör­dül metr meý­da­ny öz içi­ne al­ýan go­wa­gyň için­de alym­lar dür­li adam yz­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. «Al­nan ne­ti­je­ler has gi­ňiş­le­ýin göz­leg­ler üçin mö­hüm­dir. Çün­ki bu açyş se­bi­tiň ila­ty­nyň ta­ry­hy­na tä­ze sahypa aç­ýar» di­ýip, Nin­bin we­la­ýa­ty­nyň häkimliginiň me­de­ni­ýet we sport bö­lü­mi­niň mü­di­ri­niň orun­ba­sa­ry Nguen Kao Tan aýt­dy.