Her ýyl kosmos giňişliginden 5200 tonna tozan Ýeriň atmosferasyna girýär. Ýöne ony tapmak we öwrenmek aňsat däl. Fransiýanyň Milli Ylmy Gözleg Merkeziniň (CNRS) fizigi Dupan Duprat we kärdeşleri 20 ýyldan gowrak wagt bäri bu tozan bölejiklerini ýygnamak üçin iş alyp barýarlar. Olar Antarktidanyň Adeli ýeri atly sebitine häzire çenli alty sany ekspedisiýa geçirdiler. Bu sebitde kosmiki tozan gatlaklary ýeterlik derejede saklanýandygyny anykladylar. Hünärmenleri gözleg üçin zerur bolan gar gatlaklaryny gazanlarynda, takmynan, 20 kg möçberde kosmiki tozan bölejigini tapdylar we gözleg merkezindäki laboratoriýa getirdiler. Geçirilen barlaglardan soňra tozan bölejiginiň diametriniň 30 mikrometrden 200 mikrometre çenli aralykdadygy anyklandy. Kosmosdaky tozanyň 80% töweregi Ýupiteriň agyrlyk güýji bilen dolandyrylýan gysga orbitalary bolan kometalardan gelýär. Tozanyň galan bölegi bolsa asteroidlerden gelýär.