HABAR / SELJERME

UEFA Çempionlar ligasynda möwsümiň tamamlanmagyna 5 oýun galdy. Häzirki wagtda soňky final duşuşygynda çykyş eden iki toparyň biri ýaryşy dowam edýär. Finalçy PSŽ ýaryşy dowam etdirýän tarap bolup, çempion “Bawariýa” üçin welin bäsleşik ir tamamlanýar. Ony ýaryşdan çykaran bolsa, hut şol finalçy PSŽ bolýar. UEFA Çempionlar ligasynyň soňky 9 ýylyna seretsek, şolaryň 8-sinde haýsy topar “Bawariýany” ýeňse, şol hem çempion bolýar. Juda täsin bu statistika geliň içgin seredeliň. Diňe bir möwsümde “Bawariýany” ýeňen topar kubogy alyp bilmeýär.

2011/12 möwsüminiň finalynda “Bawariýa” bilen “Çelsi” duşuşyp, nemes topary duşuşygyň agramly bölegini 1-0 öňde dowam etdirdi. Ýöne soňky minutlarda (88) Didie Drogba goly bilen hasaby deňlän “Çelsi” penalti urgularynyň netijesinde kubogy “Çelsi” topary “Bawariýanyň” meýdançasynda nemesleriň elinden alýar.

2012/13 möwsüminde “Bawariýany” utulan-çykdy tapgyrynda ýeňen topar bolmaýar. Ilki “Arsenaly”, soňra “Ýuwentusy” iki ýerde-de 2-0 ýeňen “Bawariýa” ýarym finalda “Barselona” bilen duşuşýar. Münhende 4-0, Barselonada 3-0 ýeňiş gazanan “Bawariýa” finalda nemes topary “Borussiýa Dortmunddan” 2-1 üstün çykýar we 5-nji gezek çempion bolýar.

2013/14 möwsüminde ýarym finalda “Bawariýany” myhmançylykda 4-0, öz meýdançasynda 1-0 hasaplar bilen ýeňen “Real Madrid”, finala çykýar we taryhy finalda-da “Atletikodan” goşmaça wagtda 4-1 üstün çykýar.

2014/15 möwsüminde “Bawariýa” ýarym finalda utulýar. Bu gezek başga ispan toparyndan, “Barselonadan” ýeňilýär. Katalonlar öz meýdançasynda 3-0 ýeňiş gazanýar. Jogap oýnunda nemes topary 3-2 ýeňse-de, bu hasap finala çykmak üçin olara ýeterlik bolmaýar. Finalda welin “Barselona” Berlinde “Ýuwentusy” 3–1 hasabynda ýeňip, kubogy asmana göterýär.

2015/16 möwsümi bu täsin hasabatyň üýtgän ýyly bolýar. Ýene ýarym final, ýene-de ispan topary. Bassyr 5 möwsüm “Bawariýa” ýarym finalda ispan topary bilen duşuşyp gelýär. Münhenliler şolaryň soňky 3-sinde ýeňilýär. Ýagny 2014-nji ýylda “Realdan”, 2015-nji ýylda “Barselonadan”, 2016-njy ýylda bolsa “Atletikodan” utulýar. “Atletiko Madrid” öz meýdançasynda 1-0 ýeňip, jogap duşuşygynda 2-1 utulsa-da finala çykýar. Finalda bolsa “Atletiko” ezeli bäsdeşi “Real Madridden” bu gezek hem ýeňilýär. Esasy wagty 1-1 gutaran oýnuň ahyrynda penaltilerde 5-3 öňe saýlanan “Real Madrid” taryhy yzly-yzyna 3 çempionlygynyň ilkinjisini gazanýar.

2016/17 möwsüminde “Bawariýa” ýarym finaldan öňürti ispan toparlary bilen, has takygy, “Real Madrid” bilen gabatlaşýar. Çärýek finalyň 1-nji oýny Münhende bolup, ispanlar 2–1 ýeňiş gazanýar. Jogap oýnunyň esasy wagtynda “Bawariýa” 2-1 ýeňiş gazanýar, ýöne goşmaça wagtda 3 gol geçiren madridliler netijede 4–2 üstün çykyp, ýarym finala çykýar. Ýarym finalda-da “Atletikony” ýaryşdan çykaran “Real Madrid” finalda “Ýuwentusy” 4–1 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär. “Real Madrid” Çempionlar ligasyny yzly-yzyna gazanan ilkinji topar bolýar.

2017/18 möwsüminde bolsa çärýek finalda ispanlaryň başga kluby “Sewilýany” utan “Bawariýa” ýarym finalda ýene-de “Real Madrid” bilen gabatlaşýar. Bu gezek hem şol ssenariýa gaýtalanýar we “Real Madrid” UEFA-daky ezeli bäsdeşinden üstün çykýar. Myhmançylykda 2–1 ýeňen “Real”, öz meýdançasynda 2–2 deňme-deň oýnaýar. Kiýewde oýnalan finalda-da “Liwerpuly” 3–1 hasabynda ýeňen “Real” yzly-yzyna 3-nji, umumylykda-da 13 kubogyny asmana göterýär.

2018/19 möwsüminde “Bawariýany” ispanlara ýetirmezden “Liwerpul” 1/8 finalda ýaryşdan çykarýar. Angliýadaky oýun golsuz tamamlansa-da, iňlisler jogap oýnunda 3–1 ýeňiş gazanýar. Soňlugy bilen “Liwerpul” çärýek finalda “Portony”, ýarym finalda “Barselonany”, finalda-da “Tottenhamy” 2–0 ýeňip, kuboga mynasyp bolýar.

2019/20 möwsümi başagaýlykda geçip, çärýek finaldan başlap duşuşyklar diňe bir oýun esasynda merkezileşdirilen şäherde oýnalýar. “Bawariýa” çärýek finalda “Barselonadan” öňki-soňky aryny alýan ýaly güýçli garşydaşyny 8–2 hasabynda utup, derbi-dagyn edýär. Ýarym finalda “Liony” 3–0 ýeňen “Bawariýa” finalda-da PSŽ-ni Kingsli Komanyň ýeke-täk goly bilen 1–0 ýeňýär.

Şeýlelikde, şu hasabata seredip, bu möwsümde “Bawariýany” çärýek finaldan öýüne ugradan PSŽ-niň kubogy aljakdygyny aýdyp bileris. Ýöne parižlileriň ilki ýarym finalda edil “Bawariýa” deýin güýçli “Mançester Sitini” ýeňmegi gerek. Eger-de PSŽ finala çykaýan ýagdaýynda-da, garşysynda aňsat-aňsat finalda utulmaýan, kubogy iň köp eýelän “Real Madrid” ýa-da ozalky tälimçisi Tomas Tuheliň “Çelsi” topary bolar. Tuhel bolsa geçen ýylky alyp bilmedik kubogyny bu ýyl başgaça klub bilen almak üçin bar güýjüni gaýgyrmasa gerek. Biz janköýerlere bolsa ýene-de 5 “oýunlyjak” sabyr edäýmek galýar…