Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabul şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň çägindäki böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Şertlerine gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmen tarapyndan bu resminama TAPI Pipeline Company Ltd Açyk paýdarlar jemgyýetiniň direktorlarynyň Geňeşine girýän «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň wekili Muhammetmyrat Amanow, owgan tarapdan – Milli howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary Ebadullah Ibad gol çekdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy Muhammetmyrat Amanowyň we Owganystandaky türkmen ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary bilen bilelikde TOPH turba geçirijisiniň gurluşygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny belleýär.
Owgan wekiliniň aýdyşy ýaly, kabul edýän tarapyň Hökümeti bilen Ylalaşygyň goşundylary hasaplanýan howpsuzlyk Meýilnamasyny we Ykrarnamasyny işläp düzmegi öz içine alýan gol çekilen Şertler TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda ädilen möhüm ädimdir.
Uzynlygy 1814 kilometrlik we bir ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmaga ukyply bu turba geçirijisiniň gurluşugyna 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda başlandy. Taslama boýunça TOPH ägirt uly «Galkynyş» gaz ýatagyndan başlanyp, Owganystanyň Hyrat, Farah, Gilment we Gandagar welaýatlarynyň, şeýle-de Päkistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň üstünden geçip, Hindistanyň Penjap ştatynyň Fazilka şäheriniň deňinde Päkistan-Hindistan serhedine ýetiriler. Bu taslama Russiýa, ABŞ, ÝB we beýleki döwletler, iri haklara maliýe institutlary tarapyndan makullandy.