Şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on altynjy maslahaty geçirildi, oňa degişli ministrlikleriň we edaralaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda deputatlar hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglylykda işlenip taýýarlanan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryna garadylar.
Mejlisiň barşynda “Serhetlerde ýükleriň barlagyny geçirmegiň şertlerini ylalaşmak hakynda halkara Konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Gury portlar” hakynda hökümetara Ylalaşygyna goşulmak hakynda” we “2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasyna Gatnaşyjy ýurtlaryň 21-nji maslahatynyň çäginde makullanan “Pariž Ylalaşygyny” tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on altynjy maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
Pariž ylalaşygy 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen howanyň üýtgemegine bagyşlanan halkara maslahatyň çäklerinde kabul edildi. Türkmenistan hökümeti bu ylalaşyga 2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda gol çekdi.
Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy barlyşyksyz göreş alyp barýar. Bu ugurda 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda “Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasy” kabul edildi we şol maksatnamada ýurduň dürli pudaklarynda bu ugurlarda alnyp barylýan işler barada täze wezipeler kabul edildi.
Türkmenistan ekologiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň ekologiýa ugry boýunça bütindünýä forumlarynda öňe süren halkara başlangyçlary aýdyň subutnama bolup durýar.
Pariž ylalaşygynyň tassyklanmagy Türkmenistanyň halkara ekologiýa ylalaşyklaryna ygrarly bolup durýandygynyň hem-de türkmen döwletiniň tebigaty goramak babatda alyp barýan işjeň syýasatynyň dabaralanýandygynyň subutnamasydyr.
Mejlisiň maslahatynyň çäklerinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny bellemek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasyna seretmek meselesi girizildi. 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek döwlet Baştutanynyň saýlawlary döwletimiziň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka öwrüler hem-de türkmen jemgyýetinde demokratik özgertmeleri has-da ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysyna girer.
Bu möwsüme ilkinji gezek partiýalaryň üçüsi, has takygy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan başga-da Senagatçylar we telekeçilik partiýasy hem-de Agrar partiýasy we raýatlaryň topary gatnaşar.