Özbegistanyň paýtagty Daşkentde dowam edýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ildeşimiz Aýsoltan Toýçyýewa ýeňiş münberine çykdy. Ol 81 kg agrama çenlileriň arasynda bürünç medala mynasyp boldy. 24 ýaşly zenan türgen birbada götermekde 96, itekläp götermekde bolsa 122, jemi 218 kg agram bilen 3-nji ýeri eýeledi. Bu ugurda altyn medala Günorta koreýaly Çan Hýon-žu (236 kg, 103+133), kümüş medala-da gazagystanly Karina Kuzganbaýewa (232 kg, 104+128) mynasyp boldy.

Çempionat şu günki hem-de ertirki uly agram derejeleri boýunça geçiriljek ýaryşlardan soň tamamlanar.

Mälim bolşy ýaly, bu çempionatda 71 kg agramda Gülnabat Kadyrowa, erkekleriň arasynda 73 kg agramda Maksat Meredow kümüş, 81 kg agramda bolsa Rejepbaý Rejepow bürünç medala mynasyp boldy.