Dünýäde iň owadan şäherleriň birine öwrülýän, ak mermere bürenýän Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özboluşlylygy onuň milli aýratynlygynda sungat derejesine ýetirilen ajaýyp gözelliginde has-da aýdyň duýulýar. Beýik ösüşlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylan beýik işler özüniň çuň many-mazmuny bilen dabaralanýar.
Mälim bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzyň «Dizaýn» kategoriýasynda ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherler ulgamyna girizmek barada teklipnama taýýarlandy. Ýakynda ÝUNESKO-nyň kätipligi Aşgabadyň dalaşgärlige teklipnamasyny kabul etdi. Bu teklipnama ýakyn wagtda garaşsyz bilermenler tarapyndan öwrenilip, bu mesele boýunça gutarnykly karar 31-nji oktýabrda bellenilýän Bütindünýä şäherler gününiň baýram edilmeginiň bosagasynda ÝUNESKO-nyň Baş direktory tarapyndan yglan ediler.
ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherleriniň ulgamy medeniýete we sosial integrasiýa maýa goýmaga taýýar şäherleriň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen 2004-nji ýylda döredildi. Häzirki günlerde oňa 246 şäher girýär.
Bu ulgam öz işini ýedi ugur boýunça alyp barýar: «Senet we folklor sungaty», «Dizaýn», «Film», «Gastronomiýa», «Edebiýat», «Köpçülikleýin habar beriş» we «Saz». Hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolan bu ulgam Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin döredijilik hem innowasion mümkinçilikleri goldamaga umumy ymtylyşy aňladýar.