Şäherleriň ösüşi meýilleşdirilende dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar nazara alynmalydyr. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň ilatly ýerler maksatnamasy – BMG-Habitat-yň Ženewada neşir edilen hasabatynda mälim edilýär. 1,7 müňden gowrak ilatly ýerleriň umumy ýagdaýynyň seljermesine esaslanan bu barlag şäherleriň has «ýaşyl» we sagdyn bolmalydygyny öňe sürýär.
Hasabatyň awtorlarynyň pikiriçe, jaýlaryň ýygjam ýerleşmezligi üçin binalaryň dizaýny täzeden gözden geçirilmeli, howa çalşygy ulgamlarynyň işleýşini üpjün edip durmaly. Pandemiýa döwründe ýaşaýjylaryň bagy-bossanlyga bürenen ýerlere elýeterliligine hem aýratyn üns berilmelidir. Bulardan başga-da, daşarky giňişlikde konseptual üýtgeşmeler, şeýle hem pandemiýa döwründe ulanylmaýan desgalaryň saglyk öýlerine öwrülmegi zerur hasaplanyp bilner. Şeýle hem şäher giňişliklerini akylly-başly ulanyp, üýtgeýän zerurlyklara çalt uýgunlaşdyrmak üçin ýerli düzgünlere täzeden garamak teklip edilýär.
Şäherler meýilnamalaşdyrylanda pyýadalar üçin mümkinçilikleri gowulandyrmaga üns jemlenmelidir diýip, BMG-Habitat taslamasynyň wekilleri belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, jemgyýetçilik ulaglary ýaşaýjylar üçin howpsuz, elýeterli we ygtybarly bolmalydyr.
– Şäherler dinamikanyň we innowasiýanyň hereketlendirijisi bolup, ösüşdäki kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek edip biler – diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş bu hasabat bilen baglanyşykly pikirini mälim etdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň ilatly ýerler maksatnamasy – BMG-Habitat-yň ýerine ýetiriji direktory Maýmuna Mohd Şerif öz gezeginde, ýaşaýyş jaý abadançylygyna, esasy hyzmatlara, ulag ulgamynyň ösüşine we gatnawlara aýratyn üns bermek bilen şäherlerdäki beýleki ulgamlaýyn meseleleriň çözülmelidigini belledi. Onuň bellemegine görä, bu iş ýerlerini goramaga we şäherlere maliýe goldawyny bermäge ýardam berer.