Mil­li Li­de­ri­miz il­ki bi­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň paý­tag­ty­my­za gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry Ş.Dur­dy­ly­ýe­wi hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ý.Gy­ly­jo­wy gö­ni ara­gat­na­şy­ga ça­gyr­dy.
Hä­kim paý­tag­ty­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 140 ýyl­ly­gy­na taý­ýar­lyk gör­lü­şi, ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan baý­ram­çy­lyk des­ga­la­ryn­da iş­le­riň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ata Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan şan­ly se­ne­le­riň hor­ma­ty­na da­ba­ra­ly çä­re­le­riň, aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ryň, bäs­le­şik­le­riň, paý­tag­ty­my­zyň gö­zel ýer­le­ri bo­ýun­ça ge­ze­lenç­le­riň, ser­gi­le­riň we mas­la­hat­la­ryň, sport ýa­ryş­la­ry­nyň we beý­le­ki çä­re­le­riň gu­ral­ýan­dy­gy aý­dyl­dy.
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň şan­ly 140 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na eko­lo­gi­ýa çä­re­si­niň ge­çi­ri­lip, aw­tou­lag­la­ryň he­re­ke­ti­niň çäk­len­di­ri­len­di­gi mä­lim edil­di. 2021-nji ýy­lyň 10-25-nji ma­ýy ara­ly­gyn­da şä­her aw­to­bus­la­ryn­dan, tak­si­le­rin­den we beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­dan baş­ga aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­niň he­re­ke­ti çäk­len­di­ril­ýär. Adam­la­ryň sag­dyn dur­mu­şy üçin amat­ly gur­şa­wy dö­ret­mä­ge, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni üp­jün et­mä­ge hem-de aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mä­ge gö­nük­di­ri­len bu çä­re­ler ila­tyň giň gol­da­wy­na eýe bol­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy hem-de paý­tag­ty­my­zyň 140 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­la­ryň döw­rüň dö­re­di­ji­lik ru­hu­na ky­bap gel­me­gi üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di.
Wi­se-prem­ýer Ş.Dur­dy­ly­ýew şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da hem-de we­la­ýat­lar­da ula­n­ma­ga tab­şy­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ri­len tä­ze gur­lu­şyk­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di, şeý­le hem «Aş­ga­bat-si­ti­niň» tas­la­ma­la­ry­ny döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýu­bi­leý des­ga­la­ryň we beý­le­ki gur­lu­şyk­la­ryň döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk ýo­ka­ry hi­li­niň we möh­let­le­ri­niň berk gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ma­ly­dy­gy­na ün­si çe­kip, wi­se-prem­ýe­re de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Aş­ga­bat-si­ti» tas­la­ma­sy­nyň hö­dür­le­nen çyz­gy­la­ry bi­len tan­şyp, ola­ra bir­nä­çe bel­lik­le­ri­ni we dü­ze­diş­le­ri­ni gi­riz­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýan tä­ze şä­he­riň tas­la­ma­la­ryn­da hök­ma­ny ýag­daý­da mil­li bi­na­gär­li­giň iň oňat däp­le­ri hem-de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy şä­her­gur­lu­şyk usul­la­ry we şu­nuň bi­len bir­lik­de, tas­la­ma­nyň mak­sat­na­ma­sy­nyň öze­nin­de goý­lan in­no­wa­si­on çe­me­leş­me saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­ly­dyr.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän iş mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýe­wi hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­ni gö­ni ara­gat­na­şy­ga ça­gyr­dy.
Il­ki bi­len Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ý.Gur­ba­now se­bit­de do­wam ed­ýän oba ho­ja­lyk iş­le­ri, baý­ram­çy­lyk des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy hem-de öňü­miz­dä­ki şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da, ekin­le­re ösüş su­wy tu­tu­lyp, de­giş­li ideg iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Kom­baýn­la­ry we aw­tou­lag­la­ry, gal­la ka­bul ed­ýän am­mar­la­ry gal­la ora­gy­na taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Ýe­ral­ma hem-de gök-bak­ja ekin­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek hem-de be­re­ket­li ha­syl al­mak, ola­ryň ir ýe­tiş­ýän gör­nüş­le­ri­niň ha­sy­ly­ny öz wag­tyn­da ýyg­na­mak bo­ýun­ça iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Daý­han ho­ja­lyk­la­ryn­da pi­le taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da iş­ler gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, we­la­ýat­da ge­çi­ril­ýän iş­le­riň döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ral­ma­ly­dy­gy­ny, äh­li ul­gam­la­ryň bök­denç­siz iş­le­me­gi­ne üns be­ril­me­li­di­gi­ni tab­şyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, şu gün­ler ge­çi­ril­ýän meý­dan iş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, ýe­tip gel­ýän gal­la ora­gy­na de­giş­li de­re­je­de taý­ýar­lyk gö­rül­me­li­dir, gal­la or­ýan kom­baýn­la­ryň, ha­sy­ly da­şa­ýan aw­tou­lag­la­ryň hem-de ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry­nyň möw­sü­me do­ly taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na üns be­ril­me­li­dir, bu mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi­niň gu­ra­ma­çy­lyk­ly we öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi üçin ze­rur çä­re­ler gö­rül­me­li­dir.
Mil­li Li­de­ri­miz go­wa­ça ideg et­mek bo­ýun­ça iş­ler ba­ra­da du­rup geç­mek bi­len, ola­ryň ag­ro­teh­ni­ki ka­da la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­me­gi­ni tab­şyr­dy. Be­re­ket­li ha­sy­ly al­mak üçin oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň we en­jam­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri do­ly peý­da­la­nyl­ma­ly­dyr.
Şeý­le hem ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, gök-bak­ja ekin­le­ri­niň we ýe­ral­ma­nyň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny al­mak mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz şol ekin­le­re ag­ro­nom­çy­lyk ta­lap­la­ry­na la­ýyk ideg et­megi we ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly öz wag­tyn­da ýyg­na­mak iş­le­ri­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýü­pek gur­çuk­la­ry­na ideg et­mek möw­sü­mi­ni öz wag­tyn­da ta­mam­la­mak hem-de pi­le taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­ny do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi T.Ata­hal­ly­ýew se­bit­de iş­le­riň ýag­da­ýy, bug­da­ýa we go­wa­ça, ýe­ral­ma hem-de beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­ne ideg et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, ekin meý­dan­la­ryn­da ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň ýo­ka­ry hil­li we öz wag­tyn­da ge­çir­mek, suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ýe­tip gel­ýän gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, kom­baýn­la­ry we beý­le­ki oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Ýur­du­my­zyň dok­ma pu­da­gy üçin gym­mat­ly çig mal bo­lan pi­le ön­dür­mek bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da äh­li ta­gal­la­lar edil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, go­wa­ça ideg et­mek bi­len bir ha­tar­da, bug­daý eki­len meý­dan­lar­da hem ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri öz wag­tyn­da ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Ýe­tip gel­ýän gal­la ora­gy­na de­giş­li de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­mek we ony gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ba­bat­da yzy­gi­der­li ta­gal­la­lar edil­me­li­dir. Hormatly Prezidentimiz ýe­ral­ma­nyň, so­ga­nyň hem-de beý­le­ki gök we bak­ja önüm­le­ri­niň be­re­ket­li ha­sy­ly­nyň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek ba­ra­da hä­ki­me anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. Döwlet Baştutanymyz pi­le ön­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň, bu ugur­da bel­le­ni­len me­ýil­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ma­ly­dy­gy­ny aý­dyp, hä­ki­me bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi N.Na­zar­my­ra­dow ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk se­bi­tin­de iş­le­riň ýag­da­ýy, do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin meý­dan iş­le­ri, şol san­da gö­ge­riş al­nan go­wa­ça we bug­da­ýa ag­ro­teh­ni­ki ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ideg et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Teh­ni­ka­la­ry gal­la ora­gy­na taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da hem aý­dyl­dy. Gök ekin­le­riň, ýe­ral­ma­nyň, so­ga­nyň we beý­le­ki ekin­le­riň be­re­ket­li ha­sy­ly­ny al­mak üçin de­giş­li çä­re­ler gö­rül­ýär. Şeý­le hem hä­kim ýü­pek gur­çuk­la­ry­na ideg et­me­giň bar­şy, ka­bul edi­len de­giş­li borç­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýer­ler­de ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi­niň gel­jek­ki bol ha­sy­lyň gi­re­wi­di­gi­ni nyg­ta­dy. Go­wa­ça ideg edi­len­de, ag­ro­teh­ni­ki ka­da­lar ber­jaý edil­me­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz hä­ki­me eke­ran­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, suw we ýer se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki wagt­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge hem-de gök-bak­ja önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyp, ýaz­lyk ýe­ral­ma, so­gan we beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­ne ideg et­mek bi­len bag­ly bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Pi­le ön­dür­mek hem-de kä­ren­de­çi-ýü­pek­çi­le­riň şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­me­li iş­ler ba­ra­da hem de­giş­li tab­şy­ryk­lar be­ril­di.
Soň­ra san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­tyn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ş.Aman­gel­di­ýew se­bit­de möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hu­su­san-da, go­wa­ça ideg edi­li­şi, bug­daý­ly meý­dan­la­ra ösüş su­wu­nyň tu­tu­ly­şy, kom­baýn­la­ryň, aw­tou­lag­la­ryň, dä­ne ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň öň­dä­ki gal­la ora­gy möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­ny­ly­şy, gök-mi­we önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi we ýü­pek gur­çuk­la­ry­na ideg edi­li­şi ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öň­de bol­jak baý­ram­çy­lyk­lar hem-de iýun aýyn­da Le­bap we­la­ýa­tyn­da bol­jak Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, be­re­ket­li bug­daý ha­sy­ly­ny, go­wa­ça we beý­le­ki ekin­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bel­le­nen äh­li ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri öz wag­tyn­da ge­çir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, bu ba­bat­da hä­ki­me bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şeý­le hem gök-bak­ja ekin­le­ri­ne, ýe­ral­ma ýo­ka­ry hil­li ideg et­mek me­se­le­le­ri­ne jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz we­la­ýa­tyň zäh­met­keş­le­ri­niň pi­le ön­dür­mek bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi üçin ola­ra ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni ta­lap et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýa­tyň çä­gin­de gu­rul­ýan des­ga­lar­da iş­le­riň ýag­da­ýy­ny üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Şol des­ga­lar­da iş­ler kes­git­le­nen möh­let­le­re la­ýyk­lyk­da hem-de eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa se­riş­de­le­ri ulan­mak bi­len al­nyp ba­ryl­ma­ly­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz däp bo­ýun­ça Me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi ba­ra­da­ky me­se­lä de­gip ge­çip, onuň çäk­le­rin­de me­ýil­leş­di­ri­len äh­li çä­re­le­re düýp­li taý­ýar­lyk gör­me­gi we ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek ba­ra­da hä­ki­me bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi D.An­na­ber­di­ýew se­bit­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy, go­wa­ça we beý­le­ki azyk­lyk ekin­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­ny ösüş su­wu­nyň ze­rur möç­ber­le­ri bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hä­kim gal­la ora­gyn­da iş­le­dil­jek kom­baýn­la­ry we aw­tou­lag­la­ry taý­ýar­la­mak iş­le­ri­niň güýç­li dep­gin bi­len al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, şeý­le hem gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­ni möw­sü­me taý­ýar­la­mak üçin çä­re­le­riň gö­rül­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Şu gün­ler se­bit­de ag­ro­teh­ni­ki ka­da la­ýyk­lyk­da pi­le taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, ýü­pek gur­çuk­la­ry­na ideg edil­ýän­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz pi­le önüm­çi­li­gi­niň dok­ma se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, bu me­se­lä­ni üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy hem-de hä­ki­me bu ba­bat­da bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew ýur­du­myz­da­ky eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, go­wa­ça we beý­le­ki ekin­le­re ideg et­mek, gal­la ora­gy­ny öz wag­tyn­da hem-de gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­myz­da suw üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny go­wu­lan­dyr­mak hem-de oba­se­na­gat top­lu­myn­da suw se­riş­de­le­rin­den oý­la­ny­şyk­ly peý­da­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­le­re aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Bar bo­lan suw des­ga­la­ry­nyň işi we tä­ze suw ho­ja­lyk des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da suw üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny go­wu­lan­dyr­mak we suw­dan oý­la­ny­şyk­ly peý­da­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Bu iş­ler önüm­çi­li­ge bu ugur­da dün­ýä tej­ri­be­si­niň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny öw­ren­me­giň hem-de öz­leş­dir­me­giň esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ma­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­ny suw bi­len üp­jün et­mek üçin aka­ba­la­ry öz wag­tyn­da aras­sa­la­ma­gyň, suw des­ga­la­ry­nyň we suw so­ru­jy­la­ryň saz iş­le­dil­me­gi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­giň, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da hä­zir­ki wagt­da gu­rul­ýan suw how­dan­la­ry­nyň hem-de beý­le­ki suw ho­ja­lyk des­ga­la­ry­nyň bel­le­nen ter­ti­be la­ýyk­lyk­da ula­nyl­ma­ga tab­şy­ryl­ma­ly möh­let­le­ri­ni ber­jaý et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ryň ün­sü­ni ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri güýç­len­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­na çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ula­gyň sag­lyk üçin peý­da­ly bo­lan we­lo­si­ped gör­nü­şi­ni ulan­mak bi­len bag­ly gu­ral­ýan eko­lo­gi­ýa çä­re­si­niň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän iş mas­la­ha­ty­ny ta­mam­lap, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk hem-de ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny we bag­ty­ýar­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.