EURO 2020 futbol boýunça 16-njy Ýewropa çempionatyna gatnaşýan ýygyndylar toparlaryň giňeldilen düzümlerini kem-kemden mälim edip başladylar. Ukrainadyr Wengriýadan soň Russiýa, şu gün bolsa Türkiýäniň ýygyndysy mälim boldy. Az salym öň ýygyndynyň tälimçisi Şenol Güneş EURO 2020-de çykyş etjek toparyň 30 oýunçydan ybarat giňeldilen düzümini äşgär etdi.

Türkiýäniň ýygyndysy çempionat başlaýança Azerbaýjanyň, Demirgazyk Irlandiýanyň hem-de Moldowanyň ýygyndylary bilenem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Şeýle-de başlamazdan ozal, 30 oýunçydan ybarat sanaw 26 futbolça düşüriler.

DERWEZEÇILER: Mert Günok, Ugurjan Çakyr, Altaý Baýyndyr, Gökhan Akkan

GORAGÇYLAR: Zeki Çelik, Mert Müldür, Merih Demiral, Ozan Kabak, ÇaGlar Söýünjü, Kaan Aýhan, Umut Meraş, Rydwan Ýylmaz

ÝARYMGORAGÇYLAR: Mahmut Tekdemir, Okaý Ýokuşlu, Taýlan Antalýaly, Dorukhan Toköz, Ozan Tufan, Orkun Kökçü, Ýusuf Ýazyjy, Irfan Jan Kahweji, Hakan Çalhanoglu

HÜJÜMÇILER: Jengiz Ünder, Efejan Karaja, Halil Akbunar, Abdülkadir Ömür, Kerem Aktürkoglu, Burak Ýylmaz, Enes Ünal, Kenan Karaman, Halil Ibrahim Derwişoglu