Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Başlanmagyna bir aýdanam az wagt galan EURO 2020-ä gatnaşýan milli ýygyndylaryň tälimçileri toparlaryň giňeldilen düzümlerini mälim etmegini dowam edýär. Niderlandlaryň ýygyndysynyň tälimçisi Frank de Bur 34 oýunçydan ybarat düzümi mälim etdi. 26-njy maýda 26 futbolça düşüriljek sanawa ol 38 ýaşly derwezeçi Maartin Stekelenburgy hem çagyrdy. Depaý, de Ýong, Promes, El-Gazi, Weghorst, ýaly hüjümçilerden düzülen ýygynda dünýä belli goragçy, noýabr aýyndan bäri şikesli bolan Liwerpulyň ýyldyz goragçysy Wirgil wan Deýk öz islegi boýunça çagyrylmady. Mälim bolşy ýaly Wan Deýk şikesinden doly saplansa-da, fiziki we aň taýdan doly taýýarlygynyň ýokdugyny aýdyp, çempionata gatnaşyp bilmejekdigini habar beripdi.

Şeýle-de, şu gün ýene-de birnäçe ýygyndynyň giňeldilen düzümleriniň mälim etmegine garaşylýar.

DERWEZEÇILER: Ýasper Silessen, Maartin Stekelenburg, Tim Krul, Marko Bizot

GORAGÇYLAR: Daleý Blind, Stefan de Wriý, Joel Weltman, Mattiýs de Ligt, Natan Ake, Denzel Dumfris, Kenni Tete, Patrik wan Aanholt, Hans Hatebor, Owen Wiýndal, Rik Karsdrop, Jerri St. Juste, Jurrien Timber

ÝARYMGORAGÇYLAR: Žoržinio Wiýnaldum, Frenki de Ýong, Dewi Klaassen,  Marten de Roon, Donni wan de Beek, Toni Wilhena, Raýan Grawenberk, Teun Koopmeiners

HÜJÜMÇILER: Memfis Depaý, Kuinsi Promes, Luuk de Ýong, Stiwen Berghaus, Stiwen Bergwiýn, Donýell Malen, Wout Werghorst, Anwar El-Gazi, Kodi Gakpo