“Barselona” toparynyň germaniýaly derwezeçisi Mark-Andre ter Ştegen hem şikesi sebäpli EURO 2020-de çykyş edip bilmejek ýyldyzlaryň hataryna goşuldy. Niderland goragçysy Wirgil Wan Deýk, şwesiýaly hüjümçi Zlatan Ibrahimowiçden soň, germaniýaly derwezeçi hem Ýewropa çempionatynyň daşynda galar. Ol dyzyndan operasiýa boljakdygyny, şol sebäpli-de çempionata gatnaşyp bilmejekdigini we toparyna öýünden janköýerlik etmeli boljakdygyny habar berdi.

29 ýaşyndaky derwezeçi şu wagta çenli milli ýygyndyda 24 duşuşyk geçirdi.