Italiýanyň Kubogy duşuşygynyň finalynda “Ýuwentus” bilen “Atalanta” duşuşyp, turinliler 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. “Ýuwentus” oýnuň 31-nji minutynda Dežan Kuluşewskiniň goly bilen öňe saýlansa-da, 10 minutdan soň, Ruslan Malinowski hasaby deňledi. 73-nji minutda-da Federiko Kiezanyň goly “Ýuwentusa” ýeňiş getirdi. Bu Goja Sinýoranyň taryhynda 14-nji Italiýa Kubogy çempionlygy boldy. Duşuşykda derwezäni goran weteran derwezeçi Janluiji Buffon 2000-nji, 2010-njy hem-de 2020-nji ýyllarda ýagny 3 dürli 10 ýyllykda kubogy gazanmagy başardy.

Tälimçi hökmünde ikinji kubogyny gazanan Pirlo Italiýanyň Kubogyny hem tälimçi, hem-de futbolçy hökmünde eýelän 5-nji futbol hünärmeni boldy. Derwezeçi Buffon turinliler bilen 22-nji, Ronaldo bolsa, “Ýuwentusdaky” 5-nji kubogyny asmana göterdi. Ronaldo bu kubogy ilkinji gezek gazanyp, bu onuň 13-nji täze kubogydyr (umumylykda 31-nji).

Italiýanyň Kubogyny gazanmakda “Ýuwentus” 14 kubok bilen sanawyň başyny çekýär. Ondan 5 kubogy az “Roma” 2-nji, 7 kubokly “Inter” bilen “Lasio” 3-4-nji orunlary eýeleýärler.