18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni dabaraly ýagdaýda bilelikde bellenilip geçildi. Bu ajaýyp baýramçylygyň Baş Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz bilen baglanyşdyrylmagynyň çuňňur we taryhy manysy bar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, ynsanperwerlige, ruhubelentlige badalga berýär, ajaýyp geljege berk ynam döredýär. Konstitusiýanyň kadalary bilen kepillendirilýän hukuklar tutuş halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýar. Konstitusiýa Türkmenistan döwletiniň we hukuk ulgamynyň, hukuk tertibiniň esasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwrebap, halkara hukukda ykrar edilen konstitusion döwlet gurluşy, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary, olaryň hukuk goragynyň kepillikleri, halkyň milli we umumadamzat gymmatlyklar ulgamy jemlenýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belläp geçişi ýaly, Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr.
Döwlet baýdagymyzyň baky ýaşaýşy we döredijiligi aňladýan ýaşyl reňkinde, milli agzybirligimizi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillerinde, şanly taryhymyzdan söhbet açýan täsin haly göllerinde, parahatçylygy we bitaraplygy alamatlandyrýan zeýtun baldajyklarynda merdana pederlerimiziň erkin we garaşsyz Watan, berkarar döwlet hakyndaky beýik arzuwlary jemlenendir. Ýaşyl tugumyz dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda belentde pasyrdaýar. Bu bolsa mähriban halkymyzyň hem-de eziz Watanymyzyň belent abraýydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Baş Kanunymyzda raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň hem-de adalatly, ynsanperwer jemgyýeti gurmagyň möhüm kadalary doly berjaý edilýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasy ynsan mertebesini belende götermekde, raýatlaryň azat we erkana durmuşyny üpjün etmekde, watandaşlarymyzyň halal, öndürijilikli zähmet çekmek baradaky mizemez hukuklaryny kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenilmegi, agzybir halkymyzyň Baş Kanunymyza hem-de baýdagymyza bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikliginden nyşan. Çünki bu goşa mukaddeslikde — Konstitusiýada hem-de Döwlet baýdagynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik, abadanlyk ýörelgeleri jemlenýär.
Baýdak döwletiň nyşany, halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hasaplanylýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda türkmen halkynyň mukaddes ýörelgeleri jemlenendir.
2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda dünýäde iň belent flagştok oturdyldy we ol belentligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 133 metrlik bu flagştokdaky baýdagymyzyň ini 35, boýy 52,5 metr, agramy bolsa 420 kilograma barabardyr. Ýaşyl tugumyzyň şeýle belentlige galdyrylmagynyň özboluşly manysy bar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine galýar. Döwlet baýdagymyzyň iň belent flagştokda pasyrdamagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.
Türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, ömri uzak bolsun!
Baýgeldi NURMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň
dekanynyň okuw işleri boýunça orunbasary.