19-njy maý­da Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­na­syn­da «Türk­me­nis­tan­da adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça 2021- 2025-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy­nyň» ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne ba­gyş­la­nan mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Oňa Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň we Halk Mas­la­ha­ty­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, Türk­me­nis­tan­da Adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly we­kil – Ada­lat­çy gat­naş­dy­lar.

Şeýle hem hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýur­du­myz­da iş­le­ýän we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry, ta­lyp ýaş­lar hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri çagyryldy.
Maslahata gat­na­şy­jy­lar öz çy­kyş­la­ryn­da türk­me­nis­tan­ly­la­ryň kons­ti­tu­si­on hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň, mil­li ka­nun­çy­ly­gyň umu­my ka­bul edi­len hal­ka­ra na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­di­ril­me­gi­niň hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan «Döw­let adam üçin­dir!» şy­ga­ryn­da öz be­ýa­ny­ny ta­pan oňyn öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler.
Şu ýy­lyň 16-njy ap­re­lin­de ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan «Türk­me­nis­tan­da adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça 2021-2025-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy­nyň» äh­mi­ýe­ti­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Ab­raý­ly gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň He­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, yn­san­per­wer ug­ruň Türk­me­nis­ta­nyň we BMG-niň ara­syn­da ýo­la goý­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm bö­le­gi­di­gi nyg­tal­dy.
BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Kris­tin Weý­gand hem-de Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat­da­ky Mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Jon Makg­re­gor öz çy­kyş­la­ryn­da Türk­me­nis­tan­da adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça 2021-2025-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy­nyň mö­hüm res­mi­na­ma bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny, bu resmi­na­ma­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti we de­giş­li eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny bel­le­di­ler.