Bu gün mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­ly­gy­nyň uly baý­ram edi­lip bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de ge­çen dö­wür­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri­mi­ze buý­sanç bi­len ser sal­ýa­rys. Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy ga­za­nan döw­rü­miz­de, ylaý­ta-da soň­ky ýyl­lar­da Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge, hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len, hem­me­ta­rap­la­ýyn oý­la­ny­şyk­ly mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­dy. Bäs­le­şi­ge ukyp­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mil­li nus­ga­sy dö­re­dil­di we he­re­ket ed­ýär. Şu ýyl­lar­da döw­le­ti­mi­ziň azyk ga­raş­syz­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün edil­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­my­zyň oba we suw ho­ja­ly­gyn­da hem uly ösüş­ler ga­za­nyl­dy. Ge­çen dö­wür­de pu­dak ugur­la­ry­nyň her bi­ri­niň aý­ra­tyn­lyk­da, öz­bo­luş­ly ösüş ýo­ly üp­jün edil­di. Gal­la­çy­lyk, pag­ta­çy­lyk, mal­dar­çy­lyk pu­dak­la­ryn­da, oba ho­ja­lyk hyz­mat­la­ry­ny üp­jün et­mek­de, suw ho­ja­ly­gy ul­ga­myn­da uly we­zi­pe­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Bu pu­dak­lar öz­baş­dak ösüş ýo­lun­da uly iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler, kuw­wat­ly bin­ýa­da eýe bol­du­lar. Ge­çen dö­wür­le­riň do­wa­myn­da oba ho­ja­ly­gy­nyň pu­dak­la­ry­ny bir dü­zü­me jem­le­mek, işi mer­kez­leş­dir­mek üçin berk bin­ýat dö­re­dil­di.
Anyk mag­lu­mat­la­ra da­ýa­nyl­sa, şu ýyl ýyg­na­lan ak bug­da­ýyň möç­be­ri­niň 1 mil­li­on 600 müň ton­na­dan ge­çen­di­gi we bu gör­ke­zi­ji­niň 1991-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 8 es­sä go­laý köp­dü­gi bel­le­nil­me­li­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan bug­da­ýy we uny da­şa­ry ýurt­la­ra ýer­le­ýän ýur­da öw­rül­di. Pag­ta­nyň her ýyl­da ön­dü­ril­ýän möç­be­ri hem 1 mil­li­on 50 müň ton­na­dan geç­di. Eke­ran­çy­ly­gyň azyk we çig mal pu­dak­la­ry-da dur­nuk­ly ös­ýär. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da içer­ki ba­zar­la­ry­my­zy ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len önüm­ler bi­len bo­le­lin üp­jün et­mek bo­ýun­ça hem köp iş­ler bi­ti­ril­di. Oba ýer­le­rin­de kä­ren­de gat­na­şyk­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi ne­ti­je­sin­de, ba­zar­la­ry­myz azyk önüm­le­ri bi­len bo­le­lin üp­jün edil­di. Ýur­du­myz­da tä­ze önüm­çi­lik müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dil­di, oba­se­na­gat pu­da­gy ke­ma­la gel­di we yzy­gi­der­li ös­ýär. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da düý­bün­den tä­ze­den dö­re­di­len dok­ma se­na­ga­ty mu­nuň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­dir. Dok­ma pu­da­gy­nyň kär­ha­na­la­ryn­da 2015-nji ýyl­da 120 müň ton­na nah ýüp­lük, 209 mil­li­on ine­dör­dül metr nah ma­ta ön­dü­ril­di. Ola­ryň möç­be­ri 1991-nji ýyl­da­ka ga­ra­nyň­da de­giş­li­lik­de 7 es­se köp­dür.
Daý­han­la­ra ne­ti­je­li iş­le­mä­ge, top­rak­dan bol ha­syl ön­dü­rip, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­ga döw­let ta­ra­pyn­dan äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Top­ra­gyň be­re­ke­di­ni art­dyr­mak­da we ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da ne­ti­je­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň kö­pu­gur­ly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­mak­da has tä­ze, ne­ti­je­li usul­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Top­lu­ma yl­myň we teh­ni­ka­nyň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry, iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­si giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi et­rap­lar bo­ýun­ça ýer­leş­di­ri­lip, pu­da­gy has bäh­bit­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­dür­mek işi ýo­la go­ýul­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de Şa­se­nem, Aşyk Aý­dyň, Di­ýar­be­kir kün­jek­le­rin­de, Ýy­lan­gyz, Ba­taş we beý­le­ki tarp ýer­ler­de, şol san­da Jo­juk­ly­da, Amy­der­ýa­nyň sag ke­na­ryn­da on­lar­ça müň gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lan oba ho­ja­lyk ýer­le­ri öz­leş­di­ril­ýär. Olar­dan bug­da­ýyň, go­wa­ça­nyň we beý­le­ki ekin­le­riň bol ha­sy­ly alyn­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ýur­du­myz­da her ýyl “Suw dam­ja­sy – al­tyn dä­ne­si”, Gal­la baý­ra­my, Ha­syl to­ýy, Ga­wun baý­ra­my ýa­ly oba ho­ja­ly­gy­na de­giş­li mil­li baý­ram­çy­lyk­la­ryň giň­den bel­le­nil­me­gi dä­be öw­rül­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyn­da Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­miz ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri bo­ýun­ça 2017-nji ýyl­da düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­gyň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ola­ryň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na gö­nük­di­ri­ler. Şol se­riş­de­le­riň bir bö­le­gi­niň oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça kär­ha­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na gö­nük­di­ril­me­gi oba se­na­ga­ty­nyň has-da kuw­wat­lan­ma­gy­na tä­sir eder. “Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­ly” diý­lip at­lan­dy­ry­lan, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän 2016-njy ýyl hem ýur­du­my­zyň ösü­şin­de mö­hüm sep­git­le­re eýe bol­nan ýyl­la­ryň bi­ri bo­lup ta­ry­ha gi­rer.
Biz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek boýunça mak­sat­na­ma­la­ry­nyň he­mi­şe üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris! Goý, ýurt Ga­raş­syz­ly­gy döw­rün­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­miz mun­dan beý­läk hem do­wa­mat-do­wam bol­sun!

Säh­ra­gül DÖW­RA­NO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.

 

Ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk

Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyn­da eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we ösüş — çär­ýek asyr­lap Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy dokt­ri­na­sy­ny anyk hä­si­ýet­len­di­rip gel­ýän esa­sy dü­şün­je­ler­dir“ di­ýip, nyg­ta­dy. Ýurt Ga­raş­syz­ly­gy ýyl­la­ry için­de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de my­na­syp orun al­ma­gy, da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­ry hök­mün­de Bi­ta­rap­lyk ýo­lu­ny saý­lap al­mak ba­ra­da yk­bal kes­git­leý­ji çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi buý­san­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri­miz­dir. Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji baş­lan­gyç­la­ry we alyp bar­ýan hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty giň­den gol­da­nyl­ýar. Beý­le­ki ýurt­la­ryň içer­ki iş­le­ri­ne ga­tyş­maz­lyk, güýç ulan­maz­lyk we har­by bir­leş­me­le­re go­şul­maz­lyk, se­bi­tiň ýurt­la­ry we bü­tin dün­ýä­niň döw­let­le­ri bi­len pa­ra­hat­çy­lyk­ly, dost­luk­ly we öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­mek ýa­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň ýö­rel­ge­le­ri Kons­ti­tu­si­ýa­myz­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy.
Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry ýurt­lar we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len alyp bar­ýan gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ke­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­me­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ýur­du­my­zyň mil­li, se­bit we dün­ýä ösü­şi­niň bäh­bit­le­ri­ne alyp bar­ýan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň esa­sy ug­ry dür­li ugur­lar­da öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ry sak­la­mak bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan Ýu­waş um­ma­ny we Azi­ýa se­bit­le­ri­niň, Or­ta we Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň, Ýew­ro­pa­nyň we Ame­ri­ka­nyň ýurt­la­ry, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy ýa­ly ab­raý­ly hal­ka­ra hem-de se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy giň ge­rim bi­len ös­dü­r­ýär. Bi­ziň döw­le­ti­miz dün­ýä­niň 100-den hem köp ýur­dy bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öz ta­ry­hy çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­niň 1995-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de hä­zir 8 es­se­den gow­rak ösen­di­gi­ni bel­le­di.
Türk­men bi­ta­rap­ly­gy hal­ka­ra-hu­kuk tej­ri­be­sin­de tä­ze ýag­daý hök­mün­de, hyz­mat­daş­lyk et­me­giň we äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy ga­zan­ma­gyň tä­ze bin­ýa­dy­na öw­rül­di.
Hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän gat­na­şyk­lar 2007-nji ýyl­dan bä­ri türk­men paý­tag­tyn­da öz işi­ni alyp bar­ýan BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­niň işi­ne öz oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Mer­ke­ziň işi Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da we­him­le­riň öňü­ni al­mak ba­bat­da çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi, se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gyň üp­jün edil­me­gi hem-de ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­ma­gy ýa­ly ugur­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir. Pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we ösüş di­ňe sy­ýa­sy hyz­mat­daş­ly­ga esas­lan­man, eý­sem, hyz­mat­daş ýurt­la­ry yk­dy­sa­dy ösüş, daş­ky gur­şaw we adam hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak, de­mok­ra­tik taý­dan do­lan­dyr­mak we ka­nun­çy­ly­gy ber­jaý et­mek ýa­ly jo­gap­kär­çi­lik­le­re hem esas­lan­ýar. Ener­ge­ti­ka, ulag we eko­lo­gi­ýa dip­lo­ma­ti­ýa­sy – hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bir­nä­çe ge­zek mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­kyş­la­ryn­da öňe sü­ren esa­sy 3 ug­ry bo­lup, olar he­mi­şe­lik Bi­ta­rap türk­men döw­le­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň yk­dy­sa­dy ug­ru­dyr.
Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ener­gi­ýa ýurt­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýan Türk­me­nis­tan hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­lik ba­zar­la­ry­na ýe­ti­ril­me­gin­dä­ki gö­zeg­çi­li­gi art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň hu­kuk bin­ýa­dy­ny güýç­len­dir­mä­ge çek­ýär. 2008-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da hem-de 2013-nji ýy­lyň ma­ýyn­da BMG-ä ag­za ýurt­la­ry­ň gol­daw ber­me­gin­de Baş As­samb­le­ýa ta­ra­pyn­dan “Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň yg­ty­bar­ly we dur­nuk­ly üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi we dur­nuk­ly ösü­şi we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyny üp­jün et­mek­de onuň hyz­ma­ty“ at­ly Re­zol­ýu­si­ýa­sy ka­bul edil­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň he­ma­ýat ber­me­gin­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­de köp san­ly iri hal­ka­ra mas­la­hat­lar bu me­se­lä­niň hal­ka­ra de­re­je­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­na şert dö­ret­di.
Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. “2013-2017-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat kon­sep­si­ýa­syn­da” da­şa­ry sy­ýa­sat ul­ga­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny dö­ret­mek we bu ugur­da döw­let stra­te­gi­ýa­sy­ny ul­gam­la­ýyn esas­da dur­mu­şa ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­dy. 2014-nji ýy­lyň 19-njy de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan “Dur­nuk­ly ösüş üçin hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny üp­jün et­mek­den ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň or­ny” at­ly Re­zol­ýu­si­ýa ka­bul edil­di. Bu döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň we dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de ga­za­nan uly üs­tün­li­gi­dir we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ulag ul­ga­my­ny dur­nuk­ly ös­dür­mek ba­bat­da äh­lu­mu­my hyz­mat­daş­ly­gy dö­ret­mek ha­kyn­da­ky tek­li­bi­niň ýeň­şi­dir. Ulag dip­lo­ma­ti­ýa­syn­da­ky üs­tün­lik ýur­du­my­zyň ulag-üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dur­mu­şa or­naş­dyr­mak ba­bat­da tä­ze ta­gal­la­lar bi­len ber­ki­dil­di. Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran trans­mil­li de­mir ýo­ly Ýew­ro­pa we Azi­ýa ýurt­la­ry­na Gü­nor­ta Azi­ýa we Pars aý­la­gy­nyň port­la­ry­na çyk­ma­ga amat­ly şert dö­ret­di. Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Tä­ji­gis­tan po­lat ýo­ly Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­ny Tür­ki­ýä çy­kar­ýan mo­dal ga­ra­ýol hal­ka­ra we se­bit ulag inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň äh­mi­ýet­li bö­le­gi­ni eme­le ge­ti­rer.
Mer­ke­zi Azi­ýa we goň­şy se­bit­le­riň ýurt­la­ry­nyň dur­muş bäh­bit­le­ri­ne tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän me­se­le­le­riň bi­ri-de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­dyr. Türk­me­nis­tan BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly Mer­ke­zi Azi­ýa­da teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sür­mek bi­len, dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­niň eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­ýär.
Ine, Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da şeý­le dost­luk we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýo­lu­ny alyp bar­ýar. Bi­z hem ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk ýo­ly bi­len öňe bar­ýan Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da mun­dan beý­läk hem hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da pug­ta­lan­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.
Ogu­lo­raz HA­BI­BO­WA,
Aş­ga­bat ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när
okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.

 

RA­ÝAT­LA­RY­MY­ZYŇ BAG­TY­ÝAR ÝA­ŞA­MA­GY ÜÇIN

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz hem he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­miz özü­niň şan­ly 25 ýyl­lyk to­ýu­na äh­li pu­dak­lar­da dün­ýä­ni haý­ran gal­dyr­ýan aja­ýyp ne­ti­je­ler bi­len gel­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de, has hem soň­ky ýyl­lar­da mer­da­na hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy, iş­le­me­gi, dö­ret­me­gi ba­ba­tyn­da, ila­ty­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Soň­ky ýyl­lar­da, sag­lyk ul­ga­my döwle­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik üns ber­ýän ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öwrül­mek bi­len dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, döw­re­bap ýag­daý­da ös­dü­ri­lip, tä­ze de­re­je­le­re çy­ka­ryl­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da iş­le­nip dü­zü­len “Sag­lyk” döw­let mak­sat­na­ma­sy türk­men hal­ky­nyň sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.
Tä­ze “Sag­lyk” döw­let mak­sat­na­ma­sy, ozal ka­bul edi­len res­mi­na­ma­lar—Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny 2012-2016-njy ýyl­lar­da ös­dür­me­giň döw­let mak­sat­na­ma­sy, Türk­me­nis­ta­nyň şy­pa­ha­na gul­lu­gy­ny ös­dür­mek ba­ra­da­ky mil­li mak­sat­na­ma we beý­le­ki mö­hüm mak­sat­na­ma­lar ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri pug­ta­lan­dyr­ma­ga, yl­myň hem-de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­na da­ýan­mak ar­ka­ly mil­li luk­man­çy­ly­gy ös­dür­mä­ge tä­ze iter­gi ber­ýär. Bu mak­sat­na­ma­lar bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge we öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­ma­ga, sag­ly­gy go­raý­şy do­lan­dyr­ma­gyň döw­re­bap usul­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga, luk­man­çy­lyk bi­li­mi­ni we yl­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, ila­ty el­ýe­ter­li we ýo­ka­ry hil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş kö­me­gi hem-de hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün et­mä­ge, daş­ky gur­şa­wyň aras­sa­ly­gy­ny sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Ýur­duň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my soň­ky ýyl­lar­da has-da ös­dü­ril­di. Ýur­duň äh­li ýe­rin­de hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­ni – öňü­ni alyş, “Ene mäh­ri” enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­kez­le­ri gu­rul­dy. Giň göw­rüm­li öz­gert­me­ler oba ýer­le­rin­dä­ki sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nda hem bo­lup geç­di. Ol köp ugur­ly we­la­ýat ke­sel­ha­na­la­ry­ny, ola­ryň et­rap bö­lüm­le­ri­ni, oba sag­lyk öý­le­ri­ni we mer­kez­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar. Luk­man­çy­lyk yl­my­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len üp­jün edi­len ýur­duň dynç alyş öý­le­ri­niň we şy­pa­ha­na­la­ry­nyň tä­ze hä­zir­ki za­man bö­lüm­le­ri sö­züň do­ly ma­ny­syn­da tä­ze­le­ni­şe eýe bol­du­lar. Ýur­duň ada­ty dynç alyş we sag­ly­gy di­kel­diş mer­kez­le­rin­den baş­ga hem, şy­pa­ha­na­lar we ke­sel­le­riň öňü­ni alyş eda­ra­la­ry dö­re­dil­di. Ha­za­ryň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ke­na­ryn­da bol­sa, hal­ka­ra de­re­je­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän dynç alyş zo­la­gy – “Awa­za” Mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy dö­re­dil­ýär. Bu ýer­de eý­ýäm on­lar­ça myh­man­ha­na we ýo­ka­ry de­re­je­li sa­gal­dyş mer­kez­ler, ýüz­ler­çe beý­le­ki des­ga­lar, şol san­da dynç al­ýan­la­ryň sag­lyk­la­ry­ny di­kelt­mek üçin ýo­ka­ry de­re­je­li oňaý­lyk­la­ryň bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän sport des­ga­la­ry he­re­ket ed­ýär.
Ýur­du­my­zyň sag­lyk pu­da­gyn­da döw­re­bap dü­zü­miň we dün­ýä luk­man­çy­lyk yl­my­nyň iň oňat iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry­nyň bin­ýa­dyn­da mil­li sag­ly­gy go­raý­şyň ne­ti­je­li usul­la­ry dö­re­dil­di. Bu oňyn ýag­daý ila­ta edil­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň ýo­ka­ry hi­li­ni, saglygy goraýyş ulgamyna täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy­ny, ylmyň ýokary gazananlary esasynda lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy­ny şertlen­dir­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň go­laý­da bo­lup ge­çen mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, ma­ýyp­ly­gy bo­lan ra­ýat­la­ryň zäh­met çek­mä­ge bolan hu­kuk­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy üçin müm­kin­çi­lik­le­ri we şert­le­ri dö­ret­mek, ola­ryň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, 2017-2020-nji ýyl­lar­da ama­la aşy­ryl­ma­ly çä­re­le­riň Mak­sat­na­ma­sy­na gol çek­me­gi hal­ky­my­zy diý­seň be­gen­dir­di. Mil­li Li­de­ri­miz mej­lis­de eden çy­ky­şyn­da müm­kin­çi­li­gi çäk­li bo­lan adam­la­ryň iş bi­len üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy, ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de bi­na edil­ýän ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry, şol san­da ma­ýyp­lar üçi­nem amat­ly ýa­şa­ýyş dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­li­di­gi­ni bel­läp geç­di.
Biz Wa­tan­sö­ýü­jilik, luk­man­çy­lyk borç­la­ry­na ba­ky we­pa­lyly­gyň, öz hal­ky­na hyz­mat et­me­giň be­lent nus­ga­sy bo­lup dur­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tü­ke­nik­siz al­kyş­lar aýd­ýa­rys!
Ke­mal Gud­ra­tul­la­ýew,
TDLU-nyň mu­gal­ly­my.

 

ÇE­PER SÖ­ZÜŇ US­SA­DY

Her bir çe­per ese­riň gym­ma­ty onuň äh­li dö­wür­ler­de el­ler­den düş­män okal­ýan­ly­gy, oky­jy­lar köp­çü­li­gi­niň ol eser­ler­den ru­hy lez­zet hem edep-ter­bi­ýe alyp bil­ýän­li­gi bi­len öl­çe­nil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň baş­lan­gyç­la­ry bi­len yg­lan edi­len Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­lyn­da şeý­le eser­le­ri dö­re­den ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň sar­pa­sy be­lent­den tu­tul­ýar.
Aja­ýyp eser­le­ri bi­len yn­san kal­by­na ýol çek­me­gi ba­şa­ran­la­ryň bi­ri-de en­çe­me ro­man­la­ryň, po­west­le­riň, dra­ma eser­le­ri­niň aw­to­ry Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky döw­let baý­ra­gy­nyň eýe­si Be­ki Seý­tä­kow­dyr. Ta­ny­mal ýa­zy­jy­nyň dö­re­di­ji­lik ýo­ly, dö­wet ga­la­my­nyň as­tyn­dan çy­kan eser­le­ri aý­ra­tyn söz açyl­ma­gy­na my­na­syp­dyr. Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň: “Biz öz me­de­ni­ýe­ti­mi­zi we sun­ga­ty­my­zy ös­dür­mä­ge go­şant go­şan adam­la­ry­my­za gu­wan­ma­ga hak­ly­dy­rys” di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­rin­den esas­la­nyp, Be­ki Seý­tä­ko­wyň ede­bi mi­ra­sy ha­kyn­da söz aç­ma­gy ma­kul bil­dik.
Be­ki Seý­tä­kow 1914-nji ýyl­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Gö­rog­ly et­ra­by­nyň Be­dir­kent oba­syn­da ene­den bol­ýar. Ol baş­lan­gyç bi­li­mi in­ter­nat­da alyp, soň­ra 1931-nji ýyl­da Da­şo­gu­zyň mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­ni ta­mam­la­ýar. Mu­gal­lym­çy­lyk eden döw­ri dö­re­di­ji­lik bi­len gy­zyk­la­nyp, 1937-nji ýyl­da Aş­ga­ba­da işe gel­ýär. Gö­zel paý­tagtymyz onuň dö­re­di­ji­lik yl­ha­my­nyň gül­läp ös­me­gi­ne aý­ra­tyn ýol aç­ýar. 1938-nji ýyl­da “Ýaş­lyk” ady bi­len onuň il­kin­ji goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy çap edil­ýär. Ze­hin­li ýa­zy­jy az wagt­dan soň özün­de po­e­ma žan­ryn­da hem eser dö­ret­me­giň uky­by­nyň bar­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Şeý­le­lik­de, onuň “Horez­miň”, “Ýag­ty­ly­ga çy­kan­lar”, “Se­ne­miň söý­gi­si”, “Gah­ry­man”, “Jo­ra­lar”, “Bag­da­gül” ýa­ly bir­nä­çe po­e­ma­la­ry çap edil­ýär.
Kys­sa žan­ryn­da dö­re­den eser­le­ri ýa­zy­jy­nyň halk için­de has adyk­ma­gy­na esas bol­ýar. Onuň ýi­ti ze­hi­ni bi­len dö­re­den he­ka­ýa­la­ry­dyr po­west­le­ri oky­jy­lar ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gar­şy­lan­ýar. Onuň hem düýp se­bä­bi ol eser­ler­de oba dur­mu­şy­nyň çe­per be­ýan edil­ýän­di­gi­dir. Her bir oky­jy ýa­zy­jy­nyň eser­le­rin­de oba­la­ryn­da, ýa­kyn-daş­lar­da bo­lup geç­ýän wa­ka­la­ry syn­lap bil­ýär­ler. Şeý­le eser­le­riň ha­ta­ryn­da ýa­zy­jy­nyň “Çu­wal bag­şy”, “Gyz sal­gy­dy”, “Şa­hyr”, “Il­kin­ji gün”, “Gök­leň­gyr­lan” ýa­ly on­lar­ça he­ka­ýa­la­ry­ny, “Per­wa­na”, “Te­kep­bir gyz”, “Bek­my­rat Dur­dy­ýew” ýa­ly po­west­le­ri­ni gör­kez­mek bo­lar. Bu eser­le­riň için­de ýa­zy­jy­nyň türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­ki­li Şa­ben­dä­niň dur­mu­şyn­dan gür­rüň ber­ýän “Tyl­la se­niň yş­kyň­da” po­wes­ti aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Eser­de be­ýik söz us­sa­dy Şa­ben­dä­niň dö­re­di­ji­li­ge bes­le­nen ömür ýo­ly, päk söý­gü­si in­çe­lik bi­len yzar­lan­ýar.
Ro­man žan­ryn­da dö­re­den eser­le­ri­ni Be­ki Seý­tä­ko­wyň türk­men ede­bi­ýa­ty­na ge­ti­ren uly üs­tün­li­gi ha­sap­la­mak bo­lar. Mu­ny ta­ny­mal ýa­zy­jy­nyň köp­ýyl­lyk zäh­me­ti­niň mi­we­si bo­lan “Do­gan­lar” ro­ma­ny hem äş­gär gör­kez­ýär. Üç ki­tap­dan yba­rat bo­lan ese­riň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Döw­let baý­ra­gy­na my­na­syp bol­ma­gy oňa ber­len ýo­ka­ry ba­ha ha­sap­la­mak bo­lar. Ta­ry­hy te­ma­da ýa­zy­lan bu eser­de zäh­met­keş hal­kyň ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk se­bi­tin­de azat-er­kin dur­muş ug­run­da alyp ba­ran gö­re­şi su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Ro­man­da be­ýan edi­li­şi ýa­ly er­kin­lik, azat­lyk, bagt ug­run­da­ky ada­lat­ly hem gah­ry­man­çy­lyk­ly gö­reş dür­li halk­la­ryň zäh­met­keş ogul­la­ry­ny bi­ri-bi­ri bi­len ys­nyş­dyr­ýar, dost-do­gan ed­ýär. Ýa­zy­jy­nyň oky­jy­lar ta­ra­pyn­dan çuň­ňur söý­gä eýe bo­lan “Be­dir­kent” ro­ma­ny, “Do­gan­lar” tri­lo­gi­ýa­sy­nyň gös-gö­ni do­wa­my­dyr. Ýa­zy­jy­nyň “Çö­lüň ýü­re­gi” ro­ma­ny fan­tas­tik žanr­da türk­men ede­bi­ýa­tyn­da dö­re­di­len il­kin­ji kys­sa ese­ri­niň bi­ri­dir. Onuň “Do­gan­lar” ro­ma­ny we beý­le­ki bir­nä­çe eser­le­ri dür­li halk­la­ryň dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­di.
Ýa­zy­jy Be­ki Seý­tä­kow öz ga­lam­daş­la­ry­nyň kö­pü­si­niň ha­ly­pa­sy­dyr. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy Han­gel­di Ga­ra­ba­ýe­wiň, ze­hin­li ýa­zy­jy­lar Goş­jan Se­ýit­mä­do­wyň, Ho­ja­ne­pes Me­lä­ýe­wiň we beý­le­ki­le­riň at­la­ry­ny gu­wanç bi­len ýat­la­mak bo­lar. Pom­ma Nur­ber­di­ýew, Mäm­met Se­ýi­dow, Ke­rim Gur­ban­ne­pe­sow, Şä­her Bor­ja­kow, Hu­daý­ber­di Di­wan­gu­ly­ýew, Ata­jan Ta­gan ýa­ly ýa­zy­jy­lar bi­len ol he­mi­şe dö­re­di­ji­lik ara­gat­na­şy­gy­ny sak­lap­dyr. Onuň ýo­ka­ry adam­kär­çi­lik sy­pat­la­ry, eser dö­ret­mek­de us­sat­ly­gy ýa­zy­jy­la­ryň dür­li ýat­la­ma­la­ryn­da be­ýan edil­ýär. Mu­nuň özi ta­ny­mal ýa­zy­jy­nyň dur­mu­şy­ny be­zän ýag­daý­lar­dyr. Ol dur­mu­şyň haý­sy bir me­se­le­si bol­sa-da, ga­lam­daş ýol­daş­la­ry­na öz he­ma­ýat-gol­da­wy­ny be­rip­dir. Onuň ha­ly­pa gol­da­wy bi­len ede­bi­ýat­da bir­nä­çe ýa­zy­jy-şa­hyr­lar ösüp ýe­ti­şip­dir­ler.
Hä­zir­ki “Ga­ra­gum” žur­na­ly­nyň söý­gi­li žur­na­la öw­rül­me­gin­de, ge­çen asy­ryň alt­my­şyn­jy ýyl­la­ryn­da şol dö­wür­ler­de Ýa­zy­jy­lar bir­leş­me­si­ne ýol­baş­çy­lyk ed­ýär­kä bir­le­şi­giň iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra eýe bol­ma­gyn­da Be­ki Seý­tä­ko­wyň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry örän uly bo­lup­dyr. Ol Türk­me­nis­tan Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň hem ha­bar­çy ag­za­sy­dyr.
Bag­ty­ýar za­ma­na­myz­da ha­ly­pa ýa­zy­jy­my­zyň dö­re­den eser­le­ri ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry, or­ta okuw mek­dep­le­rin­de iç­gin öw­re­nil­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň asylly baş­lan­gyç­la­ry gö­zel paý­tag­ty­myz­da dö­re­di­len “Yl­ham” se­ýil­gä­hin­de Be­ki aga­nyň heý­ke­li­niň otur­dyl­ma­gy, Da­şo­gu­zyň Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň, Aş­ga­ba­dyň gö­zel kö­çe­le­ri­niň bi­ri­niň onuň ady­ny gö­ter­ýän­li­gi us­sat ýa­zy­jy­my­zyň bi­ti­ren iş­le­ri­ne go­ýul­ýan uly hor­ma­ty ala­mat­lan­dyr­ýan­dyr.

Ma­ral IL­MY­RA­DO­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň
mu­gal­ly­my.