Ýewropanyň öňdebaryjy toparlarynda tälimçisini çalşan-çalşana. “Bawariýa”, “Lill”, “Napoli”, “Inter” toparlaryndan soň “Real Madrid” klubundan hem köpden bäri gürrüňi edilýän habar resmi ýagdaýda gelip gowuşdy. Toparyň tälimçisi Zinedin Zidan bilen ýolunyň aýrylandygy habar berildi. “La Ligany” 2-nji ýerde, 11 ýyldan soň bolsa möwsümi kuboksyz tamamlan “Real Madridde” Zidanyň ikinji başdan geçirmesi-de tamamlandy. 2018-nji ýylyň maýynda birinji başdangeçirmesini tamamlan Zidan 2019-njy ýylyň martynda täzeden Realyň tälimçisi bolupdy. 2022-nji ýylyň iýunyna çenli-de “Real” bilen şertnamasy bar bolan Zidanyň ady “Ýuwentus” bilen agzalýar.

Zidan “Real Madridde” 11 kubok – “La Ligada” 2, Çempionlar ligasynda 3, FIFA Klublararasy Dünýä Kubogynda 2, Ispaniýanyň Super Kubogynda 2, UEFA Super Kubogynda 2 çempionlyk gazandy.