Dünýäniň ilkinji suratçy roboty hökmünde tanalýan «Ai-Da»-nyň Londonda açylan sergisi sungat söýüjilerinde we tehnologiýa höwesjeňlerinde uly gyzyklanma döretdi. Emeli intellekt tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan robotlar häzirki wagtda her ugurda peýda bolup başlady. Bu robotlaryň biri hem dünýädäki ilkinji suratkeş robot «Ai-Da»-dyr. Robot emeli aňyň kömegi bilen hereket edip, surat çekip hem-de gürläp bilýär. Gözlerindäki kameralaryň kömegi bilen görýän zatlaryny göçürip bilýän robot surat hem çekýär. Bu roboty Beýik Britaniýanyň Oksford hem-de Lids uniwersitetleriniň programmaçylar, hünärmenler we psihologlar topary işläp düzdüler. Robotyň ilkinji sergisinde satylan suratlarynyň umumy bahasy 1 million dollardan geçdi.
Baýrammuhammet HANOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.