Ýewropanyň Merkezi bankynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Fabio Panetta sanly ýewronyň 2026-njy ýylda peýda boljakdygyny mälim etdi. Panetta sanly walýuta geçmek üçin esasy iki sebäbiniň bardygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, adamlaryň köpüsi internet arkaly söwda edýär. Bu ýagdaý dowam etse, nagt puluň ulanyşy azalar. Şeýlelikde ygtybarly walýutany döretmeli bolar. Ikinji sebäbi bolsa, bölek söwda bazaryndaky daşary ýurt monopoliýasynyň öňüni almakdan ybarat. Panetta Ýewropanyň sanly töleg çözgütlerde orny bolmasa, walýuta we maliýe garaşsyzlygyna howp abanar. Bankyň ýolbaşçysy sanly ýewronyň ulanyjylara dolulygyna ygtybarly we töwekgelçiliksiz töleg serişdesini hödürlejekdigini mälim etdi. Panetta sanly töleg serişdesi kadalaşdyrylmadyk ýagdaýynda has köp maýa goýumyň geljekdigini we munuň maliýe durnuklylygyna oňaýsyz täsir edip biljekdigini belledi.