Pa­kis­tan­da Hy­taý-Pa­kis­tan yk­dy­sa­dy ko­ri­do­ry­nyň çä­gin­de il­kin­ji se­na­gat par­ky­nyň gur­lu­şy­gy­nyň baş­lan­ma­gy­na ba­gyş­la­nan Ra­şa­kaý – ýö­ri­te yk­dy­sa­dy zo­la­gyň çäk­le­rin­de gur­lu­şyk iş­le­ri­ne baş­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­da çy­kyş eden Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Im­ran Han se­na­gat­laş­ma­gyň Pa­kis­ta­nyň gel­je­gi­di­gi­ni bel­le­di. Onuň bel­le­me­gi­ne gö­rä, soň­ky on­ýyl­ly­gyň do­wa­myn­da Hy­ta­ýyň se­na­gat­laş­ma de­re­je­si ok­gun­ly ös­di, Pa­kis­tan ta­ra­py Hy­taý tej­ri­be­sin­den köp zat öw­re­nip bi­ler we Hy­taý-Pa­kis­tan yk­dy­sa­dy ko­ri­do­ry­nyň çäk­le­rin­de Ra­şa­kaý – ýö­ri­te yk­dy­sa­dy zo­la­gy­nyň bi­le­lik­dä­ki gur­lu­şy­gy Pa­kis­tan üçin diý­seň mö­hüm­dir.
Im­ran Han Pa­kis­ta­nyň hö­kü­me­ti­niň Ra­şa­kaý – ýö­ri­te yk­dy­sa­dy zo­la­gyn­da­ky ýe­ňil­lik­li sy­ýa­sa­ty se­bäp­li Pa­kis­tan­dan, Hy­taý­dan we beý­le­ki ýurt­lar­dan ma­ýa­dar­la­ry özü­ne çe­kip bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Bu eks­por­ta gö­nük­di­ri­len mil­li pu­dak­la­ryň ös­me­gi­ne gol­daw be­rer, köp tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­re­der we Pa­kis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dü­rer diý­di.
– Hä­zir­ki wagt­da Ra­şa­kaý – ýö­ri­te yk­dy­sa­dy zo­la­gyn­da inf­rast­ruk­tu­ra gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar we ma­ýa­dar­la­ry çek­mek üçin iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar – di­ýip, Hy­ta­ýyň «Chi­na Ro­ad and Brid­ge Cor­po­ra­ti­on» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Pa­kis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy­nyň baş­ly­gy Lýuý Min aýt­dy.
Ra­şa­kaý – ýö­ri­te yk­dy­sa­dy zo­la­gy­nyň gur­lu­şy­gy we ula­ny­ly­şy Hy­ta­ýyň ýol we köp­ri gur­lu­şyk kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň (CRBC) gol­çur kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar. Onuň umu­my tas­la­ma meý­da­ny 406,7 gek­ta­ra deň bo­lup, gur­lu­şyk iş­le­ri üç çal­şyk­da ama­la aşy­ry­lar. Me­ha­ni­ki en­jam­la­ry, öý elekt­rik en­jam­la­ry, azyk, dok­ma we de­ri önüm­le­ri­ni­, gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny, şeý­le hem lo­gis­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ze­rur­lyk­la­ry­ny ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň bu se­na­gat zo­la­gy­nyň çä­gin­de ýer­leş­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.